Lukmanyň maslahaty:Dümewden ägä boluň!

0
734

Güýz paslynyň gelmegi bilen howanyň üýtgemegi möwsümleýin keselleriň döremegine sebäp bolup biler. Olardan goranmak üçin kesele garşy durnuklylygyň, ýagny immunitetiň ýokary bolmagy zerur. Muny gazanmak üçin bolsa sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli.

Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat çemesi pyýada ýöremeli. Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmagy endik edinmeli, pasyllara görä geýinmeli we C witaminine—askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli. Iş ýeriňizde, otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly.

Immunitetiňizi ýokarlandyrmak üçin hökman askorbin turşusyna baý içgileri, miwe şirelerini içiň. Olara bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri degişlidir. Günüň dowamyndan kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini iýmek maslahat berilýär.

Howanyň üýtgemegi bilen ýüze çykýan möwsümleýin keselleri bejermekde milli tagamymyz bolan gyzyl burçly unaş hem örän peýdalydyr. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsitler, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreş ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.

Dümewiň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda, hökman, maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Asgyrylanda, üsgürilende elýaglyk bilen agzyňyzy we burnuňyzy ýapmaly.

Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwmaly. Derman serişdelerini özbaşdak ulanmaly däl. Esasan hem, antibakterial serişdeler ulanylanda seresap bolmaly. Sebäbi, antibakterial serişdeler wiruslara däl-de, bakterialara garşy ukyply.

 

 

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru