Последние новости

Архив новостей

TÝL — 2015: 23-nji tapgyr, käbir çaklamalar, maglumatlar

0
4687

«Aşgabat» — «Daşoguz»

Bir tapgyrlyk arakesmeden soňra, Milli çempionatymyzyň Ýokary ligasynda çykyş edýän toparlarynyň arasyndaky duşuşyklar ýene-de dowam edýär. 21-nji tapgyrda ilkinji bolup öňe saýlanan duşuşygynda, iň soňky sekuntlardaky gol bilen ýeňlen «Aşgabat» tapgyryň ilkinji duşuşygynda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň futbol toparyny kabul eder. Bu duşuşyk 8-nji sentýabrda bolar. 

Elbetde, duşuşykda «Aşgabadyň» ýeňiş gazanjakdygyny öňünden çaklamak bolar. Eger Amangylyç Goçumowyň şägirtlerine bu başartsa, onda topara ýaryş tertibinde 3-nji orna çykmaga mümkinçilik bar. Ýöne bu «Şagadam» bilen «Hazynanyň» arasynda boljak duşuşygyň netijesine bagly. Ýöne «Aşgabat» bu ýeňiş bilen, iň bolmanda, 6-7-nji orunlardaky garşydaşlaryndan arany has açyp biler. Çünki bu tapgyrda 6-7-nji orunlardaky HTTU bilen «Merw» öňdebaryjylary — «Altyn asyr» bilen «Ahaly» kabul edýär.

Eger-de geçen tapgyrdaky 10:0-luk utulyşdan soň, nobatdaky oýna has ykjam taýynlanan «Daşoguz» ýeňiş gazanaýsa, bu ýeňiş toparlaryň ikisiniň hem ýaryş tertibindäki ýagdaýyna täsir etmez.

Şu duşuşykda «Aşgabat» öz derwezesinden ýekeje gol geçirtse, onda A.Goçumowyň şägirtleri möwsümde öz derwezesine 20 we ondan kän gol geçirden 9-njy topar bolar. Bir söz bilen aýtsak, ondan soň bu sepgide «ýetip bilmedik» diňe «Altyn asyr» galar.

Duşuşykda demirgazyk welaýatyň topary ýene şowsuzlyga uçrasa, onda bu utulyş toparyň bassyr 7-nji utulyşy bolar. Topar mundan öňe hem şu möwsümde bassyr 7 gezek utulypdy.
Şu möwsümde «Aşgabat» bilen «Daşoguzyň» arasynda geçirilen duşuşyklaryň ikisinde hem 3:0 hasaby bilen «paýtagtlylar» ýeňiş gazanypdy. Şol iki duşuşygyň netijesinde «Aşgabadyň» hüjümçileri Berdi Şamyradow bilen Pirmyrat Gazakowyň her biri «Daşoguzyň» derwezesine 3 gol geçirdi.

«Hazyna» — «Şagadam»
Ýene «Şagadam», ýene «Hazyna». Güýçli-güýçli toparlary utsa-da, «kenarlylar» şu möwsümde «Hazynany» utmagyň syryny çözüp bilenok. Tersine möwsümde yzda galan iki duşuşykda-da Ýokary liganyň täze wekili «Hazyna» ýeňiş gazandy. Eger şu gezek hem şeýle bolsa, onda «Şagadama» ýaryş tertibinde 5-nji orna düşmek howpy abanýar. Tapgyrda «Daşoguz» bilen duşuşyp, «hezil etjek» «Aşgabadyň» utugy «Şagadamyňkydan» diňe ýekeje san az. Eger «Şagadam» «Hazyna» bilen duşuşykda has seresaply bolup we hüjümlerden netijeli peýdalanyp, ýeňiş gazanyp bilse, ýaryş tertibindäki ornuny saklap galyp biler. Ýöne 3-nji orna çykyp bilmez. Çünki «Şagadam» bilen 2-3-nji orunlardaky «Balkandyr» «Ahalyň» arasynda 4 utuk tapawut bar.
Duşuşyk ýene-de «Hazynanyň» ýeňşi bilen tamamlansa, onda bu utulyş «Şagadamyň» Ýokary ligadaky 270-nji utulyşy bolar.

Eger duşuşykda öňki üstünliklerini gaýtalap bilse, «Hazyna» 6-7-nji orunlardaky HTTU-dyr «Merw» bilen utuk sanyny deňlemäge mümkinçilik bar.
Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, «Şagadam» bilen «Hazynanyň» arasynda şu möwsümde geçen duşuşyklaryň ikisinde-de «ykdysadyýetçiler» ýeňiş gazandy. Iki duşuşyk hem şol bir hasap bilen (2:1) «Hazynanyň» peýdasyna tamamlandy. Guwanç Abylow bolsa «Şagadam» — «Hazyna» duşuşyklarynyň şu ýylky bombardiri. Ol iki duşuşykda 2 gol geçirmegi başardy.

«Merw» — «Ahal»
Şu möwsümde iň köp duşuşygyny deňlik bilen tamamlanan «Ahalyň» şol deňlikleriniň «sebäpkärleriniň» biri hem «Merw» bolmady. Birinji aýlawdaky 5 golly duşuşykda «Ahal» kynlyk bilen ýeňiş gazanan hem bolsa, çempionatymyzyň ikinjisine geçen aýlawda öz meýdanynda «Merwden» üstün çykmak başartmady. Bu gezekki duşuşygyň hem gyzykly boljakdygy şübhesizdir.
HTTU bilen 6-njy orun üçin göreşýän «Merw», elbetde, diňe ýeňiş üçin meýdana çykar. Eger topara ýeňiş gazanmak başardaýsa, HTTU-ny 7-nji orna oklamagy başaryp biler, üstesine-de bassyr üçünji ýeňşini gazanar. HTTU tapgyrda ýaryş tertibiniň lideri bilen duşuşýar.  «Ahal» ýeňiş gazansa, ýaryş tertibiniň üýtmegi «Balkan» bilen «Energetigiň» arasyndaky duşuşygyň netijesine bagly. Ýöne Türkemenistanyň dört gezek çempionynyň ýaryşy ikinji orunda tamamlamak mümkinçiligini elden giderjekdigine ynanmak kyn.

Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, «Merw» bilen «Ahalyň» arasynda möwsümiň ilkinji duşuşygynda derwezelere 5 pökgi girdi. Netijede, 2:3 hasabynda «Ahal» «Merwiň» janköýerlerini gynandyrdy. Aşgabatda geçen ikinji duşuşykda bolsa toparynyň ýeňiş gazanyp bilmänligi üçin iki tarapyň janköýerleri bilelikde gynandyrlar — 1:1.

Häzirlikçe, «Merw» — «Ahal» duşuşyklarynyň iň netijeli oýunçysy Mihail Titow, «Ahaldan». Onuň yzda galan 2 duşuşykdan soň 2 goly bar.

HTTU — «Altyn asyr»
HTTU şu tapgyrda ýene bir ýubileý duşuşygyna çykýar. Şu duşuşyk toparyň Ýokary ligadaky 340-njy duşuşygy bolar. Ýubileý oýunlarda ýeňseň kem däl, ýöne garşydaşyň Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçylarynyň aglabasyny ýygnan, şu möwsümde bary-ýogy ýekeje gezek utulan «Altyn asyr» bolmasa has gowy. Çünki her çempionatyň iň netijeli hüjümçisi bolmagyň bärsinden gaýdýan Süleýman Muhadow ýaly, «Rubinde» tälim alyp, zehinini «Altyn asyrda» gňrkezýän Selim Nurmyradow ýaly hüjümçiler aýagyna pökgi gelse, derwezä gönükdirmegiň aladasynda. Olaryň arkasynda bolsa güýçli ýarym goragçylar, güýçli goragçylar...

Ýöne «Daşoguzy» 10:0, ýoldaşlyk duşuşygynda Türkmenistan U-19-y 6:0 ýeňen HTTU bu ýeňişlerden ruhlanan bolsa gerek. Muny oýun görkezer.

Eger geçen duşuşyklarda bolşy ýaly, ýeňiş ýene «aragatnaşykçylaryň» tarapynda bolsa, onda olar şu möwsümde myhmançylykda 10 ýeňiş gazanan ilkinji topar bolar. HTTU olaryň garşysyna ýekeje pökgini geçirip bilse, öz meýdanynda 20 we ondan kän gol geçiren 4-nji topar bolar.

Şu möwsümiň birinji aýlawynda «Altyn asyr» HTTU-ny 2:0 hasabynda ýeňen bolsa, ikinji aýlawda HTTU «aragatnaşykçylaryň» 4 goluna diňe 1 gol bilen jogap berip bildi.
Geçen ýyl HTTU bilen AFK-nyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň iň gowy oýunçysy bolan Süleýman Muhadow bolsa öňki toparynyň garşyna 2 gol geçirip, baran toparyna wepalydygyny görkezýär.

Soňky 4 günüň içinde HTTU bilen «Altyn asyr» iki gezek duşuşar. Olaryň ikinjisi Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalydyr.


«Balkan» — «Energetik»
«Energetigi» öz meýdanynda ýeňip bilmedikleriň biri hem «Balkan». Ýöne Balkanabatdaky duşuşykda welin, «nebitçiler» ýeňme kemini goýmady. Bu duşuşyk ýene Balkanabatda geçýär. Şonuň üçin hem ýene «nebitçiler» rüstem görünýär. Eger bu başartsa, «Balkan» bassyr 4-nji ýeňşini gazanar. 

Eger «Balkana» şol arzyly dördünji ýeňşi gazanmak başartsa, «energetikçiler» Ýokary ligada bassyr 6-njy gezek ýeňler. Bu bolsa ýaryş tertibiniň soňky ornundaky «Daşoguzyň» antirekordyna golaýlaýar. 

Şu möwsümiň birinji aýlawynda geçen duşuşykda «Balkan» 3:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Ikinji möwsümdäki duşuşyk bolsa 1:1 hasabynda deňlik bilen tamamlandy.

Myrat Ýagşyýew «Balkan» — «Energetik» duuşyklarynyň iň netijeli hüjümçisi. Onuň 2 duşuşykda 3 goly bar. Şol gollaryň 3-si hem Balkanabatda geçirilen ilkinji duşuşykda girizildi. Eger bu ýene şeýle bolsa, onda Myrada bombardirlik ýaryşynda arany has açmaga mümkinçilik bar.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации