Последние новости

Архив новостей

Futbol. Türkmenistanyň Kubogy. «Şagadam» — «Energetik» duşuşygyndan soň gyzykly hasaplamalar

0
5868
  • Indi iki möwsüm bäri Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky duşuşyklara öz meýdanynda başlaýan «Şagadam» geçen ýylky çärýek finala-da, bu ýylka-da ýeňiş bilen girişdi.
  • Soňky iki möwsüm bäri, «Şagadam» Türkmenistanyň Kubogynyň çärýek finalynda Mary şäheriniň toparlary bilen duşuşýar.
  • Şu duşuşyk ýer eýeleriniň Türkmenistanyň Kubogyndaky 73-nji duşuşygydyr.
  • Duşuşykda gazanylan ýeňiş «Şagadamyň» Türkmenistanyň Kubogyndaky 31-nji ýeňşi boldy.
  • «Şagadam» şu duşuşykda Hemra Amanmämmedowyň «Energetigiň» derwezesine geçiren goly bilen Türkmenistanyň Kubogynyň taryhynda 100-den kän geçiren toparlaryň sanawyna goşuldy. Şu duşuşykdan soňra «Şagadamyň» Türkmenistanyň Kubogyndaky pökgi gatnaşyklary: 101 – 95
  • Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara taryhynda ilkinji gezek gatnaşýan «Energetik» jemi 5-nji duşuşygyny geçirdi.
  • Bu utulyş «Energetigiň» ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşda ikinji utulyşydyr. Topar utulan duşuşyklarynyň ikisini hem myhmançylykda geçirdi. Şolaryň ikisinde hem 1 gol tapawudy bilen asgyn geldi.
  • Çärýek finalyň ilkinji duşuşygyndan soňra «Energetigiň» Türkmenistanyň Kubogyndaky pökgi gatnaşygy: 6 — 3.
  • «Şagadamyň» hüjümçisi Hemra Amanmämmedow «Türkmenistanyň Kubogy — 2015-iň» iň netijeli futbolçylarynyň sanawyna 5-nji bolup goşuldy.
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации