Noutbuklaryň görnüşleri

0
980

Noutbuk – bu şahsy kompýuterleriň kiçiräk görnüşi. Noutbuk şahsy kompýuterlere görä ýeňil agramly we kiçi göwrümlidir. Noutbugyň şahsy kompýuterlerden esasy aýratynlygy – ýanyň bilen göterip bilmek mümkinçiliginiň barlygy. Şeýle hem, olaryň arasynda monitorlarynyň tapawudy bar. Şahsy kompýuterleriň aýratyn, uly monitorlary bar, noutbuklaryň monitorlary bolsa özünden aýratyn däl we inçe bolýar. Öňler noutbuklar şahsy kompýuterlerden işleýiş tarapyndan birneme pesrägem bolsa, häzirki döwürde güýçli we döwrebap noutbuklara gabat gelmek bolar. Şeýle güýçli noutbuklara “Laptop” ady hem berilýär.

Netbuk – bu noutbuklara meňzeş, göwrümi boýunça olardan kiçi kompýuterleriň görnüşi. Netbuklaryň noutbuklardan tapawudy – olaryň göwrümi we işleýiş güýjüniň kiçi bolmagy. Netbuklaryň işleýiş güýji çäklendirilen gelýär. Netbuklarda uly işler ýerine ýetirip bolmaýar. Meselem wideo kebşirleme, 3D dizaýn, uly programma taslamalarynyň üstünde işlemek. Olar esasan hem ofis programmalary we internet bilen işleşmek üçin niýetlenen. Köplenç olaryň göwrümi 10.1 inç bolýar, ýagny kiçi we götermäge ýeňil.

Ultrabuk – bu noutbuklaryň bir görnüşi bolup, esasy aýratynlygy – agramynyň örän ýeňil bolmagy we inçe bolmagy. Ultrabuklar noutbuklaryň ähli ýerine ýetirýän işlerini edýär, olardan tapawutlylykda ultrabuklar diskowodsyz bolýar we ekran kartasy pesräk bolýar, şeýle hem tok güýji uzak wagta ýetýär. Ultrabuklar ykjam, ulanmaga amatly, islendik ýere gidilende ýanyň bilen äkideniňde üýtgeşik ýük bolanok.

Makbuk – bu “Apple” kompaniýasynyň öndürýän noutbuklaryna berilýän at. Makbuklar esasan 3 görnüşde öndürilýär. Olar: “Macbook air”, “Macbook pro” we “Macbook pro with retina display”. Makbuklar beýleki noutbuklara görä örän gymmat, operasion ulgamy beýlekilerden üýtgeşik (MacOS), häsiýetnamalary hem birneme pesräk. Muňa garamazdan, makbuklar örän kän satylýar, işleýiş tizligi hem güýçlidigini ulanyjylar nygtaýarlar. Makbuklaryň dizaýny owadan bolýar, bahasynyň gymmatlygynyň sebäbi bolsa gymmat materiallardan ýasalmagydyr. Makbuklaryň operasion ulgamyna öwrenişmedik adamlar üçin “Windows” operasion ulgamyny gurnamak mümkinçligi hem göz öňünde tutulan.

“Thinkpad” – bu “Lenovo” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän, telekeçilik üçin niýetlenen noutbuklar. Bular birnäçe seriýalardan (görnüşlerden) ybarat. “Thinkpad” öňler IBM kompaniýasyna degişlidi. IBM kompaniýasynyň “Think as an IBM” şygaryna laýyklykda, kompaniýanyň şol wagtky işgäri Denny Wainwright-iň jübüsinde “Think” bloknody, ýagny “Think notepad” bardy, şeýlelikde “Thinkpad” ady hem şundan döredi.

“Ideapad” – bu “Lenovo” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän, “Thinkpad” noutbuklaryna görä arzan, olardan pesräk häsiýetnamaly noutbuklar. “Ideapad” esasan ýaşlar üçin, öwrenmek, aýdym-saz diňlemek, ofis programmalarynda işlemek üçin niýetlenen.

“Lifebook” – bu “Fujitsu” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän noutbuklara berilýän at. “Lifebook”-laryň 3 görnüşi bolýar: “all-round”, “advanced” we “superior”. Bular özarasynda işleýiş güýji tarapyndan tapawutlanýarlar.

“Elitebook” – bu “HP” kompaniýasy tarapyndan öndürilýän noutbuklaryň bir görnüşi. Bularyň agramy agyr, ýokary gyzgyn ýa-da sowuk temperaturalarda, çägede we beýleki şertlerde işlemek üçin niýetlenen noutbuklar. Bu noutbuklary esasan telekeçiler ulanýarlar. Bular “Probook”-lardan öňräk çykan we olara görä bahasy gymmatdyr.

“Chromebook” – bu islendik kompaniýa tarapyndan öndürilýän, ýörite internet bilen işleşmek üçin niýetlenen noutbuklara berilýän at. Bular başga noutbuklardan tapawutlylykda, “Google” kompaniýasynyň “Chrome OS” operasion ulgamynda işleýärler. Şeýle hem bular esasan internet bulutlara (Clouds) bagly bolup işleýärler. Şuňa laýyklykda, bularyň häsiýetnamasy pes we bahalary arzan bolýar. “Chromebook” noutbugyny “Samsung.”, “Acer”, “Lenovo” we ş.m. ýaly kompaniýalar öndürýärler.

Bellik: makalada köp ulanylýan noutbuklaryň atlandyrylyşy görkezilen. Noutbuklaryň bulardan başga-da atlandyryşlary bardyr, emma olar giňden ýaýran däl.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru