Ýewropanyň öňdebaryjy ligalaryna gysgaça syn

0
569

Italiýadyr Ispaniýada hem çempionatyň täze möwsüme badalga almagyndan soň, yklymyň öňdebaryjy çempionatlaryndan başlamadygy galmady. Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynda geçen tapgyrda 0-0 hem-de 1-1 hasabynda deňlikde gutaran duşuşyklaryň köplügi aýratyn ünsi çekdi. Angliýada 3, Ispaniýada 4, Fransiýadyr Russiýada-da 1 oýunda hasap açylmady. Şol sanda Angliýada 3, Germaniýada 4, Russiýada 2 duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. Italiýada ýurduň belli klublary ýeňliş bilen çempionata başlady. Ispaniýada “Real” 3 utuksyz başlan bolsa, “Barselona” Super kubokda utulan garşydaşy “Atletik Bilbaony” 1-0 hasabynda ýeňdi. Angliýada “Çelsi” ahyry 3 utuk gazanmagy başardy. Soňky çempionlar – Portugaliýada “Benfika”, Türkiýede “Galatasaraý”, Italiýada “Ýuwentus” garaşylmadyk ýagdaýda garşydaşlaryndan asgyn geldi. “Bundesligada” “Borussia Dortmundyň” şemaly belentden öwüsýär. Belgiýada bolsa garaşylmadyk ýagdaýda “Ostende” topary 5-nji tapgyrda-da ýeňilmän 13 utuk bilen sanawda 1-nji orunda barýar. Gollandiýada “Aýaks” taryhynda 3-nji gezek ilkinji 3 tapgyrda gol geçirtmezden ýeňiş gazanmagy başardy (1967/68, 1995/96, 2015/16 möwsümleri). Indi bolsa, Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň soňky tapgyrlarynda oýnalan duşuşyklaryň käbirine gysgaça ser salalyň.

 

ÝEŇSE-DE, ÝEŇILSE-DE GÜRRÜŇ TAPÝAR

“PREMIER LEAGUE” (Angliýa). Ilkinji 2 tapgyrda ýitirilen 5 utuk üçin hemişekileri ýaly başga-başga zatlary ýa-da adamlary günäkärleýän Žoze Mourinio bu gylygyny ýeňiş gazananyndan soň hem dowam etdirdi. Täze transfer Pedronyň işjeň gatnaşmagynda ( 1 gol, 1 asist) kynlyk bilenem bolsa, 3 utuk bilen tanyşan “Çelsiniň” tälimçisi toparyň kapitany Jon Terriniň gyzyl petek almagy barada şeýle diýdi: “Men indiden soň, 10 oýunçy bilen 11 oýunçynyň garşysyna nädip göreşmeli diýip türgenleşik geçirmekçi”. Garaz, möwsümiň 3-nji tapgyrynda 2 oýunçysy gyzyl petek alan “Özboluşly” (Special One) tälimçi ýeňse-de, ýeňilse-de üýtgeşik beýanatlar bilen hemişe ünsden düşenok. Aslynda, “Çelsi” bu oýunda-da eger Morrison penaltini salan bolsa, 3 utuk almazlygy gaty ähtimaldy. “Man. Ýunaýted” 1-2-nji tapgyrlarda gazanylan 1-0-ly ýeňişleri 3-nji tapgyrda soňlandy. Entek, näme-de bolsa bir zady doly ýetmeýän klub öz meýdançasynda “Nýukasly” bilen 1 utugy paýlaşdy. Edil şonuň ýaly “Liwerpul” hem kynlyk bilen gazanylan 1-0-ly ýeňişlerinden soň, “Arsenal” bilen 0-0 hasabynda deňme-deň oýnady. “Türkmenistan sporty” teleýaýlymynda göni ýaýlymda görkezilen bu oýunda “Arsenala” 1-nji tapgyrda şowsuzlyk getiren Petr Çeh örän erjel çykyş etdi. Tapgyryň iň golly oýny “West Ham” bilen “Bornmut” toparlarynyň arasynda boldy. Ýer eýeleriniň 3 goluna garşylyk, liganyň täze wekili 4 pökgi bilen jogap berdi. Duşuşykda Kallum Wilson het-trik edip, toparynyň ýeňiş gazanmagynda uly rol oýnady. Wise-çempion “Mançester Siti” ýeňlişsiz ýörişini dowam etdirýär. Olar bassyr 3-nji oýnunda torlaryna gol goýbermedi.

 

SUPER KUBOGYŇ ARYNY ALDY

“LA LIGA” (ISPANIÝA). Geçen hepdäniň başynda Ispaniýanyň Super kubogyny “Atletige” aldyryp, 2009-njy ýyldan soň, 2015-nji ýyly-da 6 kubok bilen tamamlamagy arzuw edinen “Barselonanyň” bu hyýaly paşmady. Munuň azda-kände ahmyry bilen “Atletik Bilbaonyň” garşysyna meýdança çykan “katalonlar” minimal hasap bilen ýeňiş gazandy. Messiniň penalti gaçyran oýnunyň ýeke-täk goluny 54-nji minutda Luis Suares öz adyna ýazdyrdy. Bu ýeňşiň ähmiýeti “Real Madridiň” myhmançylykda 2 utuk ýitirmeginden soň, has-da artdy. Gihonda “Sporting” bilen duşuşan “Real” esasy düzümde ýyldyzlaryny-da oýnadan hem bolsa, olara hasaby açmak başartmady. “La Ligada” 5 duşuşyk deňlikde gutaryp, şolaryň biri-de “Malaga” bilen “Sewilýanyň” arasyndaky möwsümiň açylyş oýnudyr.

 

TARYHDA ILKINJI GEZEK

“SERIE A” (ITALIÝA). Soňky 4 ýylyň çempiony “Ýuwentus” Italiýanyň çempionatynyň taryhynda möwsümiň ilkinji oýnunda öz meýdançasynda 1-nji sapar utuldy. “Udinezeden” 1-0 hasabynda asgyn gelen “Goja sinýora” 47 oýundan soň, “Ýuwentus” stadionynda ýeňlişe sezewar boldy. Topar iň soňky sapar 2013-nji ýylyň ýanwarynda öz meýdançasynda ýeňlipdi. “Serie A”-da diňe bir “Ýuwentus” däl, eýsem täze ýyldyzlar bilen hataryny bezän “Milan” hem myhmançylykda “Fiorentinadan” 2–0 hasabynda asgyn geldi. Merkezi goragda iki ýaş oýunça ynam bildiren Mihailowiç duşuşykdan soň, ýarymgoragçylaryň oýnundan närazydygyny aýtdy. Ýöne “Milanyň” geçirden 2 golunyň-da esasy sebäpkärleri Eli bilen Romanýoli bolup, olaryň 1-njisi gyzyl petek alyp, meýdançadan kowlan bolsa, beýlekisi-de penaltiniň bolmagyna sebäp boldy. “Napoli” hem 3-nji minutda Marek Hamşigiň goly bilen öňe saýlanandygyna garamazdan, “Sasuoladan” 2-1 hasabynda utuldy. “Sampdoria” liganyň täze wekili we ilkinji sapar ýokary ligada çykyş edýän “Karpini” 5-2 hasabynda ýeňdi. Bu “Karpi” üçin özboluşly “hoşgeldiň sýurprizi” boldy. Duşuşykda Eder bilen Murieliň hersi 2 gezekden tapawutlandy. “Inter” welin täze transfer Ýowetiçiň 90+3-nji minutdaky goly bilen ýeňşini baýram etdi. Paýtagtyň wekilleri – “Roma” “Weronada” deňme-deň oýnan bolsa, “Lasio” “Bolonýany” 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

 

“4x4 BORUSSIA DORTMUND”

“BUNDESLIGA” (GERMANIÝA). Geçen möwsümi şowsuz tamamlan Dortmundyň “Borussiasy” täze möwsüme alaw ýaly başlady. 1-nji tapgyrda atdaş toparyny 4-0 hasabynda ýeňen “Borussia” bu gezek şeýle hasap bilen liganyň täze kluby “Ingolştady” utmagy başardy. Ginter, Roýs, Kagawa we Obemeýang dortmundlylaryň gollaryny derwezä girizdi. Çempion “Bawariýa” myhmançylykda Hoffenhaým bilen duşuşdy. Eýýäm 1-nji minutda ýer eýeleri Wolland bilen hasaby açdy. 41-nji minutda Müller hasaby deňledi. 90-njy minutda-da Lewandowski “Bawariýa” ýeňiş getiren goly tora saldy. Bawariýanyň indiki tapgyrdaky garşydaşy Lewerkuzeniň “Baýeri” Hakan Çalhanoglunyň owadan jerime urgusy bilen “Hannoweri” ýeňen bolsa, “Şalkedir” “Wolfsburg” bu tapgyrda öz garşydaşlary bilen deňme-deň oýnady.

“LIGUE 1” (FRANSIÝA). Soňky 3 ýylyň çempiony PSŽ myhmançylykda “Monpeli” toparyny Matuidiniň ýeke-täk goly bilen utdy. 1-2-nji tapgyrda utulan we tälimçisi Bielsa bilen ýoluny aýyran “Marsel” kluby “Trua” toparynyň torundan jogapsyz 6 pökgi girizdi.

“PREMÝER LIGA” (RUSSIÝA). Russiýanyň ýokary ligasynda ildeşimiz Gurban Berdiýewiň tälim berýän “Rostowy” şu möwsümde ilkinji sapar ýeňlişe sezewar boldy. Olar myhmançylykda 2-1 hasabynda Moskwanyň SSKA-syndan asgyn geldi. 10-njy minutda Serdar Azmun bilen öňe geçen myhmanlaryň torundan ýeňiş toplaryny 66-njy minutda Ahmet Musa, 88-nji minutda-da Alan Dzagoýew saldy. Häzirki çempion “Zenit” myhmançylykda “Rubini” 3-1 hasaby bilen ýeňdi. Gazanylan ýeňiş şu gün 63 ýaşyny dolduran Gurban Berdiýew üçin özboluşly sowgat bolup bilerdi.

“SÜPER LIG” (TÜRKIÝE). Geçen möwsümde 3 kubok gazanan “Galatasaraý” öz meýdançasynda liganyň täze kluby “Osmanlyspordan” 2-1 hasabynda ýeňildi. Bu Hamza Hamzaoglunyň “Galatasaraý” bilen öz meýdançasyndaky ilkinji ýeňlişi diýlip hasaba alyndy. Şol sanda Stambulyň beýleki 2 kluby-da bu tapgyrda ýeňiş gazanyp bilmedi. Şenol Güneşiň tälimçligindäki “Beşiktaş” onuň ozalky klubundan Stambulda asgyn geldi. Kuarežmanyň gol geçirip gyzyl petek alan oýnunda myhmanlaryň adyndan Erdogan bilen Erkan Zengin tapawutlandy. Şenol Güneş “Trabzonsporyň” garşysyna oýnan 12-nji oýnunda 11-nji sapar ýeňildi. “Fenerbahçe” hem myhmançylykda “Çaýkur Rizespor” bilen 1 utugy paýlaşdy. 

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru