21-nji tapgyr: gyzykly maglumatlar

0
1526

Tapgyryň umumy häsiýetnamasy:

Üstünlik ýer eýelerinde: Tapgyrda 3 duşuşykda ýer eýeleri, bir duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazandy. Bir duşuşyk bolsa deňlik bilen tamamlandy.

Her 10 tapgyrdan: Dogry, bir oýunçynyň bir duşuşykda 4 gol geçirip bilmegi aňsat däl. Ýokary ligada bu ýagdaý her 10 tapgyrdan bir gezek gabat geldi. Şu wagta çenli bir duşuşykda 4 gol geçirip bilen (gürrüň diňe 4 gol hakda barýar, şondan az hem, köpem däl) 3 futbolçy bar. Täsin tarapy Altymyrat Annadurdyýew («Ahal») 1-nji tapgyrda, Myrat Ýagşyýew («Balkan») 11-nji tapgyrda, Nurýagdy Muhammedow (HTTU) 21-nji tapgyrda şeýle netijäni görkezmegi başardy.

21-nji tapgyrda 22 gol: 22 golly şu tapgyr möwsümdäki iň golly tapgyr boldy. Başgaça aýtsak, tapgyrda her duşuşykda 4,4 gol geçirildi.

HTTU 10 — 0 "Daşoguz"

Gollar:

1:0 — 1' Pirmyrat Sultanow

2:0 — 15" Pirmyrat Sultanow

3:0 — 41' Nurýagdy Muhammedow

4:0 — 45+2' Pirmyrat Sultanow

5:0 — 46' Nurýagdy Muhammedow

6:0 — 56' Nurýagdy Muhammedow

7:0 — 63' Gurbangeldi Batyrow

8:0 — 66' Pirmyrat Sultanow

9:0 — 84' Pirmyrat Sultanow

10:0 — 89' Nurýagdy Muhammedow

Iň uly hasaply we iň köp golly: Elbetde, ilkinji bellenilmeli zat, bu duşuşyk möwsümdäki iň uly hasaply we iň köp golly duşuşykdyr.

15 basgançak ýokary galdy: Şu tapgyra çenli çempionatda geçiren 4 goly bilen iň netijeli hüjümçileriň sanawynda 24-nji orunda gelen Pirmyrat Sultanow diňe şu duşuşykda geçiren 5 goly bilen (jemi 9 gol) bu sanawyň 9-njy ornuna çenli çykdy.

Pirmyrat üçünji aýlawy söýýär: Geçen ýyl HTTU bilen «Bagtyýarlyk-Lebabyň» arasynda üçünji aýlawda bolan duşuşyk hem janköýerleriň ýadyndadyr. Şonda HTTU myhmançylykda 11:0 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Süleýman Muhadowyň şikes almagy bilen hüjümiň esasy oýunçysyna öwrülen Pirmyrat Sultanow şol duşuşykda hem 6 gezek tapawutlanmagy başarypdy.

Deňleşdiler: Şu tapgyra çenli HTTU-nyň hüjümçileri Nurýagdy Muhammedowyň 5, Pirmyrat Sultanowyň 4 goly bardy. «Daşoguz» bilen geçirilen duşuşykda bolda N.Muhammedow 4, P.Sultanow 5 gol geçirdi. Indi HTTU-ly hüjümçileriň ikisinde-de 9 gol bar. Ýeri gelende aýtsak, N.Muhammedow iň netijeli hüjümçileriň sanawynyň 10-njy ornuna çenli beýgeldi.

Nurýagdynyň 9-lyklary: Şu duşuşykda 9-lyk belgidäki köýnekçede çykyş eden Nurýagdy Muhammedowyň duşuşykdan soň şu möwsümde geçiren gollarynyň sany 9-a çykdy. Şeýlelikde, hüjümçi iň netijeli futbolçylaryň sanawynda 19-njy orundan 10-njy orna çykdy — 9 basgançak.

Hem 7-nji gol, hem 1-nji gol: Duşuşykda HTTU-nyň geçiren 7-nji golunyň awtory, toparyň kapitany Gurbangeldi Batyrow möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

Pirmyrat Sultanow ikinji 5-likçi: Pirmyrat Sultanow şu möwsümde bir duşuşykda 5 gol geçirip bilen 2-nji futbolçy boldy. Mundan öň 4-nji tapgyrda Myrat Ýagşyýew («Balkan») 5 gol geçirip bilipdi. Täsin tarapy Pirmyrat hem, Myrat hem şol gollary «Daşoguzyň» derwezesinden geçirdi.

Bir derwezä 70 gol: Şu duşuşykdan soň «Daşoguz» möwsümde derwezesine 70 we ondan kän gol geçirden ilkinji topar boldy.

Myhmançylykdaky 10 şowsuzlyk: Şu tapgyrdan soňra «Daşoguz» möwsümde myhmançylykda 10 duşuşykda utulan ilkinji topar boldy.

 

"Şagadam” 0 — 1 "Altyn Asyr"

Gol:

0:1 — Annageldi Weliýew 10’ (öz derwezesine)

Boljak işe çäre ýok: Käte duşuşygyň ykbalyny ýekeje penalti çözýär, käte-de bir awtogol. «Şagadam» — «Altyn asyr» duşuşygy hem şeýle boldy. Geçen tapgyrda «Energetigiň» derwezesine pökgi geçirip, topardaşlaryny we janköýerlerini begendiren Annageldi Weliýew bu tapgyry hem boş geçirmedi. Arman salgysyny ýalňyşdy.

«Bawariýa» bol-a: Ýokary liganyň ýaryş tertibiniň birinji basgançagyndaky topar ikinji orundaky garşydaşyndan 12 utuk öňe geçdi.

 

"Balkan" 2 — 1 "Aşgabat"

Gollar:

0:1 — Boris Iwanow 10’

1:1 — Aleksandr Boliýan 70’

2:1 — Myrat Ýagşyýew 90+7

 

Boliýan «Balkana» uýgunlaşýar: Hüjümçi Aleksandr Boliýan üçünji aýlawda «Balkanyň» düzümine goşuldy. Tejribeli hüjümçi aýlawda geçiren duşuşyklarynyň üçüsinde hem tapawutlanmagy başardy.

Ýagşyýew ikinji onlugy doldurdy: Tapgyrda Süleýman Muhadow bilen Altymyrat Annadurdyýewden «ses-seda» çykmansoň, iň netijeli hüjümçileriň ýaryşynyň başyny ynamly çekip gelýän, iň ýakyn bäsdeşi S.Muhadowdan iki pökgi öňe saýlanan Myrat Ýagşyýew şu möwsümde 20 gol geçiren ilkinji futbolçy boldy.

«Balkan» — bir meýdanda 30 gol: Şu tapgyrdan soň «Balkan» futbol topary öz meýdanynda 30 gol geçiren ilkinji topar boldy.

Garaşylan hüjümçiden garaşylmadyk ýagdaý: «Aşgabada» gelmegi bilen toparyň oýnuna täsirini ýetirmegine garaşylan Wahyt Orazsähedow Ýokary ligada bary-ýogy üçünji duşuşygynda agyr şikes aldy. Hüjümçiniň indiki oýnuna haçan çykjakdygy entek näbelli.

 

"Ahal" 3 — 3 "Hazyna"

Gollar:

1:0 — 4' Mihail Titow

1:1 — 16' Didar Durdyýew

1:2 — 33' Gurban Annaýew

1:3 – 43' Güýçmyrat Annagulyýew

2:3 — 63' Begmyrat Balakaýew

3:3 — 82' Begli Meredow

 

Durdyýewiň 10-njy goly: «Ahalyň» derwezesine ilkinji goly girizen hüjümçi Didar Durdyýew şu möwsümde 10 we ondan kän gol geçiren futbolçylaryň sanawyna 8-nji bolup goşuldy.

«Ahalda» we «Ahala»: Şu möwsümde derwezelere girizen pökgüleriniň üçüsini «Ahalyň» düzüminde oýnaýarka geçiren Gurban Annaýew täze toparyndaky ilkinji goluny öňki topardaşlarynyň derwezesinden geçirdi. Bu gol Gurbanyň şu möwsümdäki 4-nji goludyr.

Güýçmyradyň ilkinji ädimi: Güýçmyrat Annagulyýewiň «Hazynany» ýeňşe umytlandyran goly futbolçynyň şu möwsümde derwezelere geçiren ilkinji pökgüsidir.

Balakaýewiň ilkinji goly «Ahaly» ganatlandyrdy: Şu duşuşykda «Ahalyň» «Hazyna» bilen arany bir gola çenli ýygyrmagyna sebäp bolan Begmyrat Balakaýew möwsümdäki ilkinji goluny geçirdi.

444: Bu owadan san «Ahal» futbol toparynyň Ýokary ligada geçiren duşuşyklarynyň sany.

«Ahal» birinji orundaky deňlikçi: Şu duşuşykdan soň, «Ahal» şu möwsümde 7 duşuşygyny deňlik bilen tamamlan ilkinji topar boldy.

 

"Merw" 2 — 0 "Energetik"

Gollar:

1:0 — 54' (p.) Begenç Alamow.

2:0 — 90+3' Tirkiş Muhammetberdiýew.

 

Iki tapgyrdan bäri ikinji gol: «Şagadamdan» ýene-de «Merwe» dolanyp gelen Tirkiş Muhammetberdiýew soňky iki tapgyrda hem tapawutlanyp gelýän az sanly futbolçylaryň biri. Tirkişiň bu gollarynyň bir aýratynlygy bolsa, olaryň ikisiniň hem «Merwiň» duşuşykdaky ikinji goly bolmagydyr.

Möwsümde ilkinji gezek: «Merw» bilen «Energetigiň» arasynda şu möwsümde bolan duşuşyklar ilkinji gezek bir toparyň ýeňşi bilen tamamlanýar. Mary derbisinde öňki iki duşuşyk deňlik bilen tamamlanypdy.

Alamowdan ikinji penalti: Özüniň dürs jerime urgusy bilen geçen möwsümde ýatdan galan futbolçylaryň biri Begenç Alamow şu möwsümdäki ikinji 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalandy.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru