Последние новости

Архив новостей

TÝL — 2015: 21-nji TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARYNDAN ÖŇ KÄBIR SANLAR, MAGLUMATLAR

0
4232

HTTU — «Daşoguz»

Üçünji tapgyrda enteg-ä diňe ýeňlip gelýän iki toparyň duşuşygynda köp sanly janköýerler ýaly, biz hem HTTU-nyň ýeňşine garaşýarys. Çünki möwsümiň netijelerine seredeniňde-de «Daşoguzyň» HTTU-a görä-de şowsuz çykyş edýändigini görmek kyn däl. Ýöne «talyplaryň» duşuşykda has köp gol geçirmegine (azyndan 3 gol) garaşyp bolarmy? Dogry, «Daşoguz» HTTU bilen 3-nji tapgyrda duşuşan «Daşoguz» däl. Şol duşuşykda HTTU myhmanlaryny Dawid Sarkisowyň 6-njy minutdaky ýeketäk goly bilen juda kyn ýeňipdi. Ondan soň «demirgazyklylar» düzüminden käbir güýçli oýunçylaryny ýitirdiler we güýçli toparlaryň gol maşynyna öwrülip başladylar. Ýöne geçen tapgyrda «Merw» bilen bolan duşuşyk «Daşoguzyň» üçünji aýlawa ýene biraz güýçlenip gelendigini görkezdi. Toparyň ýatdan çykmajak hüjümçisi Hamza Allamow bolsa ýene-de topardaşlaryna kömek edýär.

Hemmeleriň garaşyşy ýaly, duşuşykda ýer eýeleri — HTTU ýeňiş gazansa, topar 6-njy basgançakdaky ornuny has berkidip biler. Ondan ýokary galmaga entek mümkinçilik ýok. Çünki ýokary ligadaky toparlaryň ilkinji bäşligi bilen ikinji bäşliginiň arasy şeýle bir üzüldi welin, 5-nji orundaky topar bilen 6-njy orundaky toparyň arasynda 10 utuk bar. Ruslan Kurbanowyň tas ähli tapgyrlarda diýen ýaly derwezelere geçirýän pökgüleri, üçünji aýlawda Wahyt Orazsähedow ýaly türkmen futbolynyň ýetişdiren zehininiň topara goşulmagy bilen, şowly çykyş edip gelýän «Aşgabadyň» bolsa 4 duşuşykda ýeňlip, 5-njy basgançakdaky ornuny HTTU-a ýa-da «Merwe» berjekdigine ynanmak juda kyn. Eger ýeňiş gazanaýan-da, bu ýeňiş «Daşoguzyň» ýaryş tertibindäki ornuna hem täsirini ýetirip bilmez.      

Eger «demirgazyklylar» şu duşuşykda hem ýeňilseler, olar şu möwsümde myhmançylykda geçirilen duşuşyklarynyň sanyny 10-a çykaran ilkinji topar bolar. Duşuşykda ýer eýeleriniň geçirjek ýekeje goly bolsa olary şu möwsümde öz meýdanynda 10 we ondan kän gol geçiren 9-njy topar eder.

Şu möwsümde yzda galan iki duşuşygyň netijesi boýunça «Daşoguz» HTTU-nyň geçiren 4 pökgüsine entek jogap berip bilenok. «Daşoguzyň» derwezesinden şol 4 goly geçiren futbolçylaryň ikisi bolsa indi HTTU-nyň düzüminde ýok. 3-nji tapgyrda ýeňiş goluny uran Dawid Sarkisow hem, 12-nji tapgyrda HTTU-nyň myhmançylykda geçiren 3 golunyň başyny başlap beren Nazar Baýramow hem indi «Aşgabat» üçin der dökýär.

«Şagadam» — «Altyn asyr»

Kimden ýeňilse ýeňilsin, ýöne «Şagadam» şu möwsümde eýýäm çempionlyga ýakynlaşan «Altyn asyryň» gorkuly düýşüne öwrüldi. 3-nji tapgyrda derwezeleriň ikisine hem gol girmedik bolsa-da, 12-nji tapgyrda «Altyn asyr» şu ýyldaky ýeketäk ýeňlişi başdan geçirmeli boldy. «Kenarlylar» myhmançylykda 2:1 utup gaýdyp, çempionyň badyny serpikdiräýdi.

«Altyn asyr» «Şagadamy» Türkmenbaşy şäherinde ýeňip, aryny alyp bilermi? Belki biler, belki bilmez. Ýöne ýeňläýen-de çempion entek hiç zat ýitirenok. Bar boljak zat, eger «Hazynadan» üstün çyksa, «Ahal» «Altyn asyr» bilen arany 7 utuga çenli ýygrar. Dogry, Milli çempionatymyz hatda üçünji aýlawda-da ikinji orundaky topardan 10 utuk öňde barýan, ahyrky netijede-de çempion bolup bilmedik toparlary-da gördi, ýöne häzirki «Altyn asyr» iki aýlawda ajaýyp oýun görkezip, üçünji aýlawda-da iň gowy oýunçylaryny garşydaşlaryna paýlaşdyryp berip, şeýdibem taryhynda ýakyn gelen ýeketäk çempionlygy elden gidiren «Merw» bilen deňeşdirer ýaly däl. Tersine «aragatnaşykçylar» tomusky arakesmede düzümini has-da güýçlendirdiler.

Tomusky arakesme döwründe «Şagadamyň» düzümini Eýrandan alnan futbolçylar bilen güýçlendirendigi hakyndaky gürrüňler çykdy. Ýöne olar «Ahalyň» ukrain futbolçylary ýaly, enteg-ä özlerini görkeziberenoklar. Şeýle-de bolsa şu duşuşykda «Şagadamyň» çempiony ýeňip biljek, iň bolmanda ýene deňme-deň hasapda oýnap biljek güýji bar. Ýeňliş welin, «Şagadam» üçin howply. Tapgyrda «Balkan» bilen güýç synanyşjak «Aşgabadyň» toplan utugy «kenarlylardan» bary-ýogy bir utuk az. Şonuň üçin «Şagadamy» deňlik hem o diýen kanagatlandyranok. Olara welaýatdaşlaryna — «Balkana» üstünlik arzuw edäýmek galýar.

Duşuşykda derwezelere giriziljek pökgülerden hem şeýle hasabatlar gelip çykýar. Eger duşuşykda «Altyn asyr» garşydaş derwezä ýekeje gol geçirip bilse, şu ýylky çempionatda myhmançylykda geçirilen duşuşyklarda 20 we ondan kän gol geçiren 2-nji topar bolar. Häzirlikçe myhmançylykda oýnalan oýunlaryň netijesi boýunça diňe «Şagadamyň» 20 goly bar. Eger-de «kenarlylara» gol geçirmek «Altyn asyryň» futbolçylaryna başartsa, «Şagadam» şu möwsümde öz meýdanynda 10 we ondan kän gol geçirden 6-njy topar bolar.

Geçen tapgyrda öňdebaryjylaryň arasyndaky duşuşygyň deňme-deňlik bilen tamamlanmagy netijesinde ýeňiş tapgyrlary boýunça iň gowy görkeziji häzirlikçe «Şagadamyň» elinde. «Kenarlylar» bassyr üç tapgyr bäri ýeňiş gazanyp gelýär.

Yzda galan iki duşuşykdan soň, «Altyn asyr» «Şagadamyň» iki goluna Süleýman Muhadowyň ýekeje goly bilen jogap bermegi başardy.

«Merw» — «Energetik»

Ýokary liganyň täze wekili bolsa-da, ýaryş tertibinde 9-njy basgançakda barýan bolsa-da, «Energetik» «Merwden» çekinip durmaýana meňzeýär. Kubok ýaryşynda bolsa ol «Merwiň» başarmadygyny başardy — çärýek finala çykdy. Ýöne «Merwe» şu duşuşykdaky ýeňiş has zerur. Topar HTTu bilen 6-njy orun ugrunda göreşýär. Diňe HTTU bilen hem däl, 8-nji orundaky «Hazyna-da» bu iki topary gyssap, utugyny deňläp gelýär. Garaz, çempionatda esasy ýaryş 3-nji hem 6-njy orun ugrunda gidýär diýsek ýalňyşmarys.

Toparlaryň arasynda şu möwsümiň 3-nji tapgyrynda geçirilen ilkinji duşuşykda «Energetik» «Merwi» ýeňmegiň bosagasyndan gaýtdy. Toparyň iň netijeli hüjümçisi, Ýokary liganyň iň netijeli futbolçylarynyň 10-lugyna girýän Kerim Hojaberdiýewiň 60-njy minutdaky goluna «Merw» duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna bary-ýogy dört minut galanda Toýly Goçnazarowyň goly bilen jogap berip bildi. Öz meýdanynda welin, «Energetik» «Merwe» şol ýekeje goly hem geçirtmedi. Göreliň, Tirkiş Muhammetberdiýewiň topara gaýdyp gelmegi «Merwiň» bu gezek üstün çykmagyna kömek edip bilermikä ýa-da Kerim Hojaberdiýewiň «energetikçileri» Ýokary liganyň iň baýry toparyny ýene-de aljyraňňylyga salarmyka?! 

Şu tapgyrdan başlap, «Merw» futbol topary öz oýunlaryny Mary şäherindäki 10000 adamlyk stadionda geçirer. 

«Balkan» — «Aşgabat»

«Balkan» üçünji aýlawda özüniň «SUPER TRIOSYNY» düzdi diýsek, ylalaşarsyňyzmy? Biziň pikirimizçe «Balkan» muny başardy. Geçen tapgyrda Myrat Ýagşyýewem, Serdaraly Ataýewem, Aleksandr Boliýanam tapawutlanmagy başardy. Dogry S.Ataýew bilen A.Boliýanyň köýdüren 11 metrlik jerime urgulary bar, ýöne toparyň ýeňiş gazanmagynda şu «trionyň» hyzmaty uly. Eger bu üçlük mundan beýläk hem düşünşip, gowy oýun alyp barsa, Myrat Ýagşyýew möwsümiň iň netijeli futbolçysy bolmak mümkinçiligini ýitirmän biler. Ol häzir-ä iň gowusy! «Aşgabatda» bolsa soňky döwürde Ruslan Kurbanow öňe çykýar diýäýmeseň, ne annaberdi Çaryýewden, ne Berdi Şamyradowdan, ne-de uly umyt bilen topara goşulan Wahyt Orazsähedowdan ses çykýar. Wahyt bolsa Ýokary ligadaky taryhyna gol bilen däl-de, sary duýduryş karty bilen başlady.

Ýeňiş! Futbolda-da, durmuşda-da esasy zat bolan bu ýekeje söz toparlaryň ikisi üçin hem zerur. «Balkan» ýeňip bilse, belki häzir özünden 2 utuk öňde barýan «Ahaly» ýetip ýa has ýakynlaşyp biler. «Aşgabat» ýeňäýse, «Şagadamdan» öňe geçip, «Balkan» bilen utuk sany deňlemäge mümkinçiligi bar.

Eger-de «Aşgabat» şu duşuşykda derwezesine ýekeje gol goýbertse, şu möwsümde myhmançylykda 10 we ondan kän gol geçirden toparlaryň sanawyna 9-njy bolup goşular. Bu bolsa Ýokary ligadaky toparlaryň tas ählisi diýen ýalydyr. Soňky çempion «Altyn asyr» bolsa möwsümde myhmançylykda geçiren duşuşyklarynda derwezesine diňe 2 pökgi goýbertdi.

Toparlaryň arasynda şu möwsümde bolup geçen duşuşyklarda her kim öz meýdanynda ýeňdi, ýöne pökgi gatnaşyklary «Aşgabadyň» peýdasyna: «Balkan» — «Aşgabat» 1:2. Toparlaryň futbolçylarynyň arasynda özara geçen duşuşyklaryň ikisinde-de tapawutlanyp bileni ýok.

«Ahal» — «Hazyna»

Şol gün başyny Guwanç Abylow başlapdy. Duşuşygyň ýaňy 2-nji minudynda, garaşylmadyk ýagdaýda Ýokary liganyň täze wekili AFK-nyň Kubogynda oýnap ýören topardan öňe saýlanypdy. Ýöne 8 minutdan soň Rahmet Şermetow hasaby deňledi. «Ahal» bu goldan soň özüni dürsäp, ýene gol salaýjak ýalydyr welin, bu gezegem Guwanç Abylow «ykdysadyýetçileri» öňe çykardy. Hatda duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 7 minut galýança bu hasap üýtgemedi. Janköýerler «Hazynanyň» ilkinji ýeňşine garaşyp başladylaram welin, «Ahalyň» düzümine täze goşulan, asyl-ha, Ýokary ligada ilkinji möwsümini geçirýän Altymyrat Annadurdyýew bilen Mihail Titow «Ahala» ýeňşi getirdi.

Hawa, biz 3-nji tapgyrdaky ýatdan çykmajak duşuşygy ýatladyk. Şol gün «Ahal» «Hazynany» kabul edip, kynlyk bilen ýeňiş gazanypdy. Bu gezek hem şeýle bolarmyka? Belki ukrainaly futbolçylar «Ahalyň» futbolynyň has güýçlenmegine täsir eder?! Garaz, çaklama kän. Ýöne başga bir hakykaty welin, öňünden aýdyp bileris. Gurban Annaýew bilen Berdimyrat Rejebow ilkinji gezek öňki toparynyň, Süleýman Orazow bilen bir institutda bile okaýan dostlarynyň garşysyna meýdana çykar.

Ýeňiş «Ahalyň» esasy baýdagy hem şygary bolsa gerek. Sebäbi topara utulmak juda howply. Geçen tapgyrdaky deňlikden soň «Balkan» arany 2 utuga çenli ýygyrdy. «Hazynanyňam» ýeňip, 6-njy orun ugrundaky bäsleşigi dowam etdiresi gelýär. Ýokary liga ilkinji gezek gatnaşýan ýylyňda çempionaty 6-njy orunda tamamlap bilmegem uly üstünlik.

Ahal şu duşuşykda ýekeje gol geçirip bilse, şu ýylky çempionatda 40 we ondan kän gol geçiren üçünji topar bolar. Häzir Balkanyň 48, Altyn asyryň 46 goly bar. Eger-de ýer eýelerine bu başartsa, onda «Hazyna» şu möwsümde myhmançylykda geçirilen duşuşyklaryň netijesi boýunça öz derwezesine 20 we ondan kän gol geçirden üçünji topar bolar. Bu sanawyň başyny myhmançylykda 33 gol geçirden «Daşoguz» bilen 26 gol geçirden «Energetik» çekýär.

«Ahal» bilen «Hazynanyň» ikinji aýlawdaky oýny bolsa «ykdysadyýetçileriň» tehniki ýeňlişi bilen tamamlanypdy.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации