«Türkmenistanyň Kubogy — 2015»: «Köpetdag» — «Energetik» duşuşygyndan öň kabir sanlar, maglumatlar

0
636

Ýurdumyzdaky futbol duşuşyklary 12-nji awgustda paýtagtymyzdaky «Köpetdag» stadionynda geçiriljek «Köpetdag» — «Energetik» duşuşygy bilen dowam eder. Mälim bolşy ýaly, 1-nji hem-de 4-nji awgustda geçirilen duşuşyklaryň netijesinde «Köpetdag» «Merwden», «Energetik» bolsa «Daşoguzdan» üstün çykyp, nobatdaky tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanypdylar.

Häzirki duşuşyklaryň esasy maksadynyň ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň dörtden bir finalynda Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamynyň» garşydaşyny ýüze çykarmakdan ybaratdygyny hem, «Köpetdagdyr» «Energetigiň» şu ýaryşa ilkinji gezek gatnaşýandygyny hem aýdypdyk. Ýöne «Köpetdagy» birmahalky meşhur «Köpetdagyň» täzeden dikeldilen topary diýip hasap etsek, onda 1992-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň Kubogyny «Köpetdag» ýaly kä eýelän topar hem ýokdur. Güýçli futboly bilen sebite ýaň salan «Köpetdag» Türkmenistanyň Kubogyna 6 gezek mynasyp bolup, 3 gezek hem bu ýaryşyň kümüş medalyny gazandy.

Ilkinji gezekdigine garamazdan, «Köpetdag» hem, «Energetik» hem Türkmenistanyň Kubogynda birnäçe ýyllyk tejribesi bolan bolan toparlary ýaryşdan çykarmagy başardy. Indi bolsa bularyň birinden-biri ýaryşy dowam etdirip biler. Ony 12-nji awgustda boljak ilkinji we 19-njy awgustda boljak jogap duşuşygy kesgitlär.

Geçen tapgyrda «Köpetdag» hem, «Energetik» hem deň netijeleri görkezdiler. Iki topar hem garşydaşlaryny iki duşuşygyň netijesi boýunça 3:0 hasabynda ýeňdi. Dört duşuşykda derwezelere geçirilen 6 pökginiň her biri aýratyn oýunça degişli. Entek «Türkmenistanyň Kubogy — 2015-de» iki gezek tapawutlanyp gören futbolçy ýok.

12-nji awgustda boljak ilkinji duşuşykda artykmaçlyk ýer eýeleriniň tarapynda ýaly. Ýöne ýurdumyzyň futbol Kubogy ugrundaky ýaryşyň geçen tapgyryndaky we Ýokary liganyň 19-njy tapgyryndaky oýny bilen «Energetik» hem birinji, ikinji möwsümlerdäkiden güýçlenendigini görkezdi. Onsoňam, geçen tapgyrdaky «Köpetdag» — «Merw» duşuşyklary futbolda garaşylmadyk hasaplaryň hem ýüze çykyp bilýändigini ýene bir gezek subut etdi. Duşuşygyň çekeleşikli geçjekdigi welin çyn, çünki ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky ýaryşa ilkinji gezek gatnaşyp, onda mümkin bolan basgançaga çenli ýetip bilmek toparlaryň ikisi üçin hem zerur. 

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru