Последние новости

Архив новостей

TÝL – 2015: 19-njy tapgyryň duşuşyklaryndan öň käbir çaklamalar, sanlar, maglumatlar

0
4080

HTTU — «Balkan»

Ýokary liganyň 3-nji aýlawy 8-nji awgustda HTTU bilen «Balkanyň» arasyndaky duşuşyk bilen başlanar. Mundan iki ýyl öňki iň möhüm duşuşyk ähmiýetini biraz ýitiren HTTU — «Balkan» duşuşygynda kimiň has rüstemdigini çaklamak kyn. Ýöne soňky 2 ýyl bäri HTTU-nyň öz meýdanynda «Balkandan» asgyn gelmeýändigini aýdyp bileris.

Ýeňiş bolsa toparlaryň ikisi üçin hem möhüm. Şol sanda utulyş howply. Sebäbi häzir ýaryş tertibiniň 6-njy basgançagyndaky HTTU bilen 7-nji basgançakdaky «Hazynanyň» arasynda bary-ýogy 1 utuk tapawut bar. Edil şonuň ýaly hem 3-nji aýlawa 3-nji orundan girişjek «Balkan» 4-nji orundaky «Şagadamdan» bary-ýogy 2 utuk öňde. Üstesine «Şagadam» bu tapgyrda Ýokary liganyň iň ejiz toparlarynyň biri hasaplanylýan «Daşoguz» bilen duşuşýar. Diňe şu sanlaryň özi hem duşuşygyň juda çekeleşikli geçjekdigini aýdyň görkezýär.

Şu duşuşyk «Balkan» üçin ýubileý duşuşyk bolar. Çünki «nebitçiler» Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň meýdanynda Ýokary ligadaky 670-nji duşuşygyny geçirerler.

Duşuşykda derwezelere giriziljek pökgüler barada hem käbir sanlara ýüzlenip bolar. Mysal üçin, HTTU bilen «Merw» şu tapgyrda ýekeje gol geçirse, onda bu toparlar şu ýylky çempionatda garşydaş derwezelere 20 we ondan kän gol geçiren 7-nji hem-de 8-nji toparlarlar bolar. HTTU öz derwezesine ýekeje gol geçirtse welin, şu çempionatda 30 gol geçirden 3-nji topar bolar. Bu «ýaryşyň» birinji basgançagynda «Daşoguz» (60 gol geçirden) we «Energetik» (40 gol geçirden) toparlary bar.

Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, HTTU soňky 2 ýyl bäri öz meýdanynda «Balkandan» ýeňlenok. Toparlaryň şu möwsümiň birinji tapgyryndaky duşuşygynda-da HTTU 1:0 hasaby bilen üstün çykdy. Ýöne Balkanabatdaky duşuşykda «nebitçiler» «talyplary» jogapsyz pökgüleriň dördüsi bilen ýeňlişe sezewar etdiler.

 

«Ahal» — «Energetik»

«Ahal» bilen «Energetigiň» duşuşygy hakynda gürrüň açylanda, 1-nji tapgyrdaky 6:0 hasaby biygtyýar ýadyňa düşýär. Hawa, şol wagt Türkmenistanyň adyndan AFK-nyň Kubogynda çykyş edip ýören «Ahal-a» möwsüme juda şowly, Ýokary liganyň täze wekili, entek tejribesiz «Energetik» bolsa, garaşylyşyndan hem beter şowsuzlyk bilen başlapdy. Ýene şol duşuşyga meňzeş oýun bolarmyka ýa-da Türkmenistanyň Kubogynda nobatdaky tapgyra çykyp, şu ýyl myhmançylykda ilkinji gezek ýeňiş gazanyp gören, şol ýeňişdenem ruhlanan «Energetik» garaşylmadyk oýnuny görkezip bilermikä? Her niçigem bolsa, «Energetigiň» ýeňşine garaşmag-a kyn. Eger «Ahal» öňki ýaly gowy oýun görkezip bilse, soňky 3-4 tapgyrdaky gollary bilen iň netijeli hüjümçileriň sanawynda 3-nji orna çenli çykan Altymyrat Annadurdyýewe bu sanawyň lideri bolmaga-da mümkinçilik bar.

Indi käbir sanlara nazar aýlalyň! «Ahal» häzir 10 utuk aratapawut bilen ýaryş tertibiniň lideri «Altyn asyrdan» yzda barýan hem bolsa, bu tapgyrdaky deňlik ýa-da utulyş bilen eýeleýän ornuny gidirmez. Sebäbi 3-nji orundaky «Balkan» bilen «Ahalyň» gazanan utuklarynyň arasynda 4 utuk tapawut bar (35 – 31). Edil şonuň ýaly hem ýeňläýen-de «Energetik» 9-njy orundaky ýerini «gorap biler». Ýaryş tertibiniň iň soňky ornunda barýan «Daşoguza» «Energetigiň» yzyndan ýetmek üçin «Daşoguzyň-a» 3 gezek ýeňmegi, «Energetigiňem» şonça gezek utulmagy gerek.

Eger duşuşyk «Ahalyň» peýdasyna tamamlansa, onda bu ýeňiş «Ahalyň» Ýokary ligadaky 150-nji ýeňşi hökmünde taryha girer. Galyberse-de, bu ýeňiş «Ahalyň» yzygider gazanan 5-nji ýeňşi bolar. Toparyň şu tapgyrda «Energetigiň» derwezesine bary-ýogy ýekeje pökgi geçirmegi bilen, «Ahal» şu möwsümde öz meýdanynda 20 we ondan hem kän gol geçiren 3-nji topar bolar.

Gürrüňsiz, artykmaçlyk, «Ahalyň» tarapynda. Ýöne bu Guwançmuhammet Öwekowyň şägirtleriniň arkaýynlaşmalydygyny aňlatmaýar. Toparlaryň arasynda şu möwsümiň 10-njy tapgyrynda, Baýramalyda bolan duşuşygy ýatlalyň! Şol oýun 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy...

 

«Altyn asyr» — «Hazyna»

9-njy awgustda boljak duşuşyklar ýaryş tertibiniň lideri «Altyn asyr» bilen «Hazynanyň» arasyndaky duşuşyk bilen başlar. «Hazyna» tomusky arakesmede düzümini güýçlendirenem bolsa, rüstemlik we artykmaçlyk ýene-de «Altyn asyryň» elinde ýaly görünýär. «Altyn asyr» ýaly güýçli düzümdäki toparyň Ýokary liganyň täze wekilinden ýeňiljekdigini çaklamagam kyn.

Bu sözlerimiz «Hazyna» göwnüýetmezçilik däl. Toparda Guwanç Abylow ýaly güýçli ýarym goragçynyň bardygy nämä degmeýär. Bize mälim bolan maglumatlara görä, Gurban Annaýew hem indi «Hazynanyň» düzüminde. Gurban esasy hüjümçi Didar Durdyýewiň ýokdugyny bildirmese gerek. Belki, «Merw», «Şagadam» ýaly güýçli toparlary ýeňmegi başaran «Hazyna» garaşylýanyndan has gowy oýun görkezip biler. Muny bize diňe oýun we wagt aýdyp bilse gerek.

Şeýle-de bolsa utulyş «Hazyna» üçin howply. Ýaryş tertibine ser salanymyzda 7-nji orundaky «Hazynanyň» 23, 8-nji orundaky «Merwiň» bolsa 21 utugynyň bardygyny görýäris. Üstesine, «Merw» bu tapgyrdaky duşuşygy öz meýdanynda geçirer. «Merw» öz meýdanynda aňsat-aňsat ýeňilmeýän toparlaryň biri.

Edil ýeňiş ýaly, garşydaş derwezä, bolmanda, bir pökgi girizip galmak hem «Hazyna» üçin möhüm. Çünki ady «Hazyna» bolsa-da, myhmançylykda garşydaş derwezelere gol geçirmekde toparyň hüjüm «hazynasy» ýetmezçilik edýär. Eger şu tapgyrda «ykdysadyýetçiler» «aragatnaşykçylaryň» derwezesine ýekeje gol girizip bilse, onda «Hazyna» şu möwsümde 10 we ondan kän gol geçiren 7-nji topar bolar.

«Altyn asyr» bilen «Hazynanyň» arasynda şu möwsümde olan duşuşyklaryň netijesi artykmaçlygyň «Altyn asyryň» elindedigini ýene bir gezek görkezýär. Toparlaryň arasynda 1-nji tapgyrda bolan duşuşyk 2:0, 10-njy tapgyrda bolan duşuşyk 2:1 hasabynda «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna tamamlandy.

 

«Daşoguz» — «Şagadam»

Şu duşuşyk hem tapgyryň köp golly duşuşyklarynyň biri bolsa gerek. Birinji, ikinji aýlawlarda garşydaşlarynyň gol hazynasynyň «baýamagyna ýardam eden» «Daşoguz» bilen «Şagadam» 1-nji tapgyrda 0:4 hasabynda oýun geçiripdiler. 10-njy tapgyrdaky duşuşyk hem 5:2 hasabynda «kenarlylaryň» peýdasyna tamamlanypdy. Myhmançylykda oýnaýan hem bolsa, ýeňiş «Şagadama» suw, howa ýaly zerur. Sebäbi 4-nji orunda ýerleşen «Şagadam» bilen 5-nji orundaky «Aşgabadyň» arasynda bary-ýogy ýekeje utuk tapawut bar. Käbir çeşmelerde, «Şagadamyň» we «Ahalyň» düzümine daşary ýurtlardan oýunçylaryň goşulandygy aýdylýar. Belki, şu duşuşykda daşary ýurtly futbolçylaryň oýunlaryna hem tomaşa edip bileris.

 

«Merw» — «Aşgabat»

Edil häzirki ýagdaý-da «Aşgabat» «Merwden» 3 basgançak ýokarda barýar. Toparlaryň arasyndaky utuk tapawudy bolsa 7. Ýöne «Merw» öz meýdanynda «Aşgabady» ýeňip biljek topar. 1-nji tapgyrda duşuşygyň soňky minutlarynda geçirilen gollar bilen gazanylan ýeňiş ýadymyzda galypdyr. Belki ýene-de şeýle bolar, belki-de başgaçarak, ýöne «Merwiň» bu oýunda hem ýeňilmejekdigini çaklap bileris. Ýöne diňe çaklap bileris, anyk aýtmak kyn. Sebäbi 5-nji orunda barýan hem bolsa, «Aşgabat» Ýokary liganyň iň güýçli toparlarynyň biri. Birnäçe ýyllap, Russiýanyň «Rubininde», «Rostowynda», Ukrainada, Türkiýede, Moldowada tejribe toplan, häzir bolsa Watan goraýan hüjümçi Wahyt Orazsähedowyň hem «Aşgabadyň» düzümine goşulandygy baradaky maglumatlar bar. Her niçik hem bolsa, bu duşuşygyň tapgyrdaky iň gyzykly oýunlaryň biri boljakdygyna ynanyp bileris.

«Merw» bilen «Aşgabadyň» arasynda şu möwsümde bolan iki duşuşygyň netijeleri:

1-nji tapgyr (07.03.2015 ý.), «Merw» – «Aşgabat» 2:1

10-njy tapgyr (09.05.2015 ý.), «Aşgabat» – «Merw» 1:0

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации