Последние новости

Архив новостей

Kompýuter ulanyjylaryna peýdaly maslahatlar

0
23170

1.Birnäçe sahypalardan ybarat bolan TIFF giňeltmeli bir faýlyň içindäki   aýry-aýry sahypalary çap etmegiň usuly

TIFF – “Tagged Image File Format” sözüniň gysgaldylan görnüşi bolup, suratlar bilen işleşýän faýl giňeltmesiniň bir görnüşidir. Iş ýerlerde käte birnäçe sahypalardan ybarat bolan TIFF giňeltmeli  resminamalara gabat gelýäris. Aýdalyň, TIFF giňeltmeli bir faýlyň içindäki resminama 45 sahypadan ybarat we şol resminamanyň 40-njy sahypasyny çap etmeli.

Ilki bilen, Windows operasion ulgamynyň “Средство просмотра фотографий Windows” programmasy bilen açyp göreliň. Programma TIFF faýly açýar, onuň içindäki ähli sahypalary hem görkezýär, emma çap edenimizde, saýlap, belli sahypalary çap edip bolanok. “Çap etmek” düwmesine basanymyzda, ähli sahypalar çap edilýär.

Ýene-de, surat görülýän meşhur programmalardan biri bolan “Picasa Photo Viewer” programmasy arkaly faýlymyzy açalyň. “Picasa Photo Viewer” ýaňky faýly bir sany surat hökmünde açýar, ýagny diňe ilkinji sahypasyny açýar.

Bulardan başga-da, faýly “Adobe Photoshop” programmasynyň kömegi bilen açyp barlap göreliň. Ýene-de meňzeş ýagdaý.

Bu ýagdaýda size maslahat, ulanmasy ýeňil we düşnükli bolan programmalaryň biri “IrfanView”. Programmanyň tutýan ýeri: 1,8 mb. Gurluşy adaty. Ýokarda agzap geçen TIFF faýlymyzy şu programma arkaly açsak, 40-njy sahypa geçip, ony çap edip bileris, ýagny islendik sahypany aýratyn görnüşde çap etmek mümkinçiligi döreýär.

“IrfanView” programmasyny şu internet salgysyndan almak bolar: http://www.irfanview.com

 

2. Maglumat daşaýjylarda (fleşka, hard disk) gizlin bolan faýllary açmagyň bir usuly

Kämahal maglumat daşaýjylary bilmezlikden içinde wirus bolan kompýuterlere salýarys. Soňky wagtlar iň ýaýran wiruslardan biri hem, maglumat daşaýjylaryndaky faýllary gizlin edýän wirusdyr. Köpimiz bu ýagdaýda ähli faýllar pozulandyr diýip howsala düşýäris, aljyraýarys. Alada etmäň! Siziň dadyňyza “Total Commander” programmasy ýetişer. Gizlin bolan faýllary açmak üçin şu amallary ýerine ýetirmeli:

1.Ilki bilen “Total Commander” programmasyny açyň. Penjire iki bölekden durýar: sag we çep. Penjiräniň islendik böleginde hem işlemek bolar.

2. Maglumat daşaýjynyň harpyny saýlaň. Meselem: “f”.

3. Ýokarda sag gapdalda ýerleşen “Скрытые элементы” ýa-da menýudan “Вид”, “Расширенные настройки”, “Показывать скрытые/системные файлы” düwmesine basyň. Düwme basylanda gizlin faýllar peýda bolýar. Indi şol faýllary  maglumat daşaýjyda görner ýaly etmeli.

4. “Ctrl+A” düwmesine basyp, ähli faýllary saýlaň.

5. Soňra, “Файлы” menýusyna giriň, “Изменить атрибуты” düwmesine basyp, “Скрытый” diýen gutujykdan belligi aýyryň, ýagny şol gutujyk boş durmaly. “OK” düwmesine basyň.

6. Maglumat daşaýjynyň içine girip görüň. Öň gizlin bolan faýllaryňyz peýda boldy. Indi bolsa, gerekmejek faýllary maglumat daşaýjydan öçüriň. Şeýlelikde, gizlin faýllar “Total Commander” programmasynyň kömegi bilen dikeldildi.

“Total Commander” programmasyny şu internet salgysyndan almak bolar:  http://www.ghisler.com

 

3. “Speccy” programmasynyň ähmiýeti

Kompýuter satyn alynanda ýa-da satylanda onuň häsiýetnamalary bilen tanyşylýar. Kä halatlarda onuň jikme-jik häsiýetnamalary zerur bolup durýar. Şuňa meňzeş ýagdaýlarda, “Speccy” programmasyny ulanmak bolar. Programma diýseň ýönekeý, tutýan ýeri 10,1 mb, ulanylyşy hem ýeňil. Ony gurnanyňyzdan soň, üstüne basaýmak ýeterli. Ol operasion ulgamy, RAM, CPU, enelik platasy, grafika, maglumat saklaýjy diskler, optiki diskler, audio, tor ýaly häsiýetnamalary, olaryň atlaryny, modellerini, hat-da gyzgynlyk derejelerini hem jikme-jik görkezýär.

“Speccy” programmasyny şu internet salgysyndan almak bolar:  http://www.piriform.com/speccy

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации