Kompýuteriň haýal işlemeginiň sebäpleri

0
1428

1. Reýestr

Reýestr – bu operasion ulgamynyň we programma sazlamalarynyň maglumatlar toplumy. Kompýutere programmalary gurnamyzda we aýyranymyzda reýestrde şol programmalar hakynda gerekmejek maglumatlar toplanýar we olar kompýuterde artykmaç ýer tutýar. “CCleaner” programmasynyň kömegi bilen reýestri aňsatlyk bilen arassalamak bolar.  

2. Kompýuteriň ulgam diskinde ýeriň dolmagy

Kompýuteriň ulgam diski - bu operasion ulgamynyň oturdylan diski. Ulgam diski köplenç “C:\” diski bolýar. Kompýuteriň ulgam diskine programmalar we draýwerler oturdylýar. Bu diskde surat, aýdym, şekilli aýdym we başga şahsy maglumatlary saklamaklyk maslahat berilmeýär. Sebäbi, operasion ulgamy pozulan ýagdaýynda ulgam diskindäki maglumatlar hem ýiter. Bellik: Iş stolundaky maglumatlar hem “C:\” diskinde saklanylýar. Şahsy maglumatlary başga diskde saklamaklyk dogry bolar.

3. Awtoýüklenme

Kompýutere gurnalan programmalar köplenç awtoýüklenme menýusyna goşulýar. Kompýuter açylan badyna awtoýüklenme menýusy işläp başlaýar. Bu näme diýmek? Awtoýüklenme menýusynda saýlanylgy duran programmalaryň ählisi hem işläp başlaýar we kompýuteriň işleýiş tizligini birneme haýalladýar. Awtoýüklenme menýusyna klawiaturadan “Win+R” düwmesi arkaly, açylan penjirede “msconfig” ýazyp, indiki açylan penjirede Awtoýüklenme menýusyny saýlap girmek bolar. Şol ýerde operasion ulgamy bilen birlikde açylmagy islenilmeýän programmalary saýlanylmadyk görnüşe getirip aýyrmak bolar.

4. Wiruslar we antiwirus programmalary

Käbir wiruslar kompýuteriň we programmalaryň işleýşini haýalladýar. Antiwirus programmasynyň toplumyny wagtynda täzeläp, kompýuteri barladyp durmak maslahat berilýär. Şeýle hem, käbir antiwirus programmalary kompýuteriň tizligine täsirini ýetirýär, programmalary haýal işledýär. Uly göwrümli programmalar bilen işlenilende kä ýagdaýlarda antiwirus programmasyny wagtlaýynça öçürmek hem bolar.

5. Winçester (Kompýuteriň gaty diski)

Kompýuteriň esasy sütünlerinden biri bolan winçesteriň hem kompýuteriň sazlaşykly işleýşine täsiri bar. Winçester – bu kompýuteriň ähli maglumatlarynyň saklanylýan ýeri. Winçester zaýalanan bolsa kompýuter gaty haýal işleýär. Winçesteriň zaýalanmagynyň esasy sebäbi – elektrik togunyň oýnamagy. Elektrik togy oýnasa kompýuteri wagtlaýynça öçürip goýmak maslahat berilýär. Şeýle hem, kompýuteri işläp duran wagty göni elektrik togundan öçürmäň, çünki winçestere zyýan ýetirip bolar.

6. Kompýuteriň ulgam blogunyň içiniň hapalanmagy

Wagtyň geçmegi bilen kompýuteriň ulgam blogunyň içine tozan siňýär. Şol tozanlar köpelip, ulgam blokdaky wentilýatoryň işleýşini haýalladýar. Şeýlelikde, kompýuteriň derejesi azda-kände gyzyp başlaýar. Salkyn däl dereje – kompýuteriň haýal işlemeginiň sebäpleriniň ýene-de biri. Kompýuteriň ulgam blogunyň içini azyndan 6 aýda bir gezek arassalap durmak, wentilýatory ýaglap durmak maslahat berilýär.

7. Draýwerler

Draýwer – bu programmalar bilen enjam arasyndaky baglanşygy gurýan kompýuter programmasy.

Kompýutere täze operasion ulgamy gurnalanda wideo karta, prosessor, tor platasy, ses ýaly draýwerleri gurnamak zerur bolup durýar. Şol gerekli draýwerler gurnalmadyk ýagdaýynda ýa-da ýalňyş gurnalan ýagdaýynda kompýuteriň tizligi, işleýşi, görkezme hili peselip biler. Draýwerler köplenç kompýuteri täze alanymyzda ýany bilen diskde çykýar ýa bolmasa olary internetden almak bolar.

8. Goşmaça tema we gadžetler

Gadžet – bu kiçi göwrümli, goşmaça maglumat berýän programma (Mysal üçin howa maglumaty, kalendar, wagtlaýyn ýadyň ulanylyşy).

Käte kompýutere owadanlyk üçin goşmaça gadžetler ýa-da  her-dürli temalar gurnalýar. Olar belli derejede kompýuteriň işleýiş tizligine agram salýarlar. Kompýutere goşmaça temalar we gadžetler gurnamak maslahat berilmeýär. Operasion ulgamynyň özünde çykan temalary we gadžetleri ulanmaklyk dogry bolar.

9. Operasion ulgamynyň aktiwasiýa edilmegi

Käbir operasion ulgamlar aktiwasiýa edilmedik ýagdaýynda kompýuteriň nädogry işlemegine sebäp bolýar. Mysal üçin, Windows operasion ulgamyny gurnanyňyzda hökmany suratda aktiwasiýaly görnüşini gurnaň.

10. Wideo karta, prosessor ýa-da wagtlaýyyn ýadyň pes bolmagy

Kämahal kompýutere öz talapnamalaryndan uly bolan programmalar gurnalýar. Mysal üçin, 3Ds Max, AutoCad ýaly programmalar wideo kartasy, prosessory, wagtlaýyn ýady güýçli bolan kompýuterlerde işleýär. Eger şolar ýaly programmalar pesräk häsiýetnamaly kompýuterlere gurnalsa, onda olar haýal işlär, ýa-da asla işlemez.

 

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru