Последние новости

Архив новостей

18-nji TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARY: MAGLUMATLAR, ÇAKLAMALAR

0
4609

“Hazyna” – HTTU

Tapgyr Ýokary liga wekilçilik edýän iki sany ýokary okuw mekdebiniň futbol toparlarynyň duşuşygy bilen açylar. Taryhynda ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony bolan HTTU möwsümde ikinji gezek “ykdysadyýetçi” talyplaryň “Hazynasy” bilen duşuşýar. Toparlaryň arasynda birinji aýlwda bolan duşuşykda jogapsyz gollaryň 2-si bilen HTTU ýeňiş gazanypdy.

Bu gezek kim ýeňer? “Hazyna-da”, HTTU-da soňky tapgyrlarda şowly çykyş edýär. Geçen tapgyrda bolsa olaryň ikisi hem ýurdumyzyň Mary welaýatyna wekilçilik edýän toparlardan üstün çykdylar. Geçen aýlawdaky oýundan çen tutsaň-a HTTU rüstem ýaly. Ýöne şu möwsümde öz öýünde diňe “Altyn asyr” bilen “Balkandan” asgyn gelen “Hazyna-da” garşydaşlaryndan ejiz görnenok. Hatda köpsanly janköýerler bu duşuşygyň 2:1 hasabynda “Hazynanyň” peýdasyna tamamlanmagyna ýa-da deňlige hem garaşýarlar. Üstesine şu möwsümde “Hazynanyň” garşydaş derwelere girizen pökgüsi hem HTTU-nyňkydan görnetin tapawutlanýar.

Duşuşygyň netijesi ýaryş tertibinde hem toparlaryň eýeleýän ornuna täsir edip biler. Ýer eýeleri ýeňiş gazansa, onda olar şu möwsümde iň gowy derejäni görkezip, 6-njy orna geçerler. Deňlik toparlaryň ornuny üýtgetmez. HTTU utsa welin, 6-njy orundaky ýerini has-da berkider.

Göreliň! Häzire çenli “Hazynany” başarjaňlyk bilen öňe alyp gidip barýan Guwanç Abylow ýene tapawutlanyp, ýeňşe sebäp bolup bilermi ýa-da hüjümde belli bir lideri öňe çykaryp bilmeýän HTTU ýeňiş gazanarmy? Her niçik hem bolsa, bu duşuşyk ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky duşuşykdygy bilen aýratyndyr.

 

“Merw” – “Balkan”

Başgaça, bu tapgyrda öz meýdanynda şowly çykyş edip, myhmançylykdan kän bir baş çykaryp bilmeýän toparlar duşuşýar. Şunçan çen tutulanda, “Merw” “nebitçileri” ýeňäýjek ýaly. Ýöne “Balkan” üçin hem birnäçe tapgyryň şowsuzlygy sapak bolan gerek. Soňky tapgyrlarda bolsa toparlaryň ikisi hem eýeleýän ornuny ýitirdi. Şonuň üçin hem ýeňiş iki tarap üçin hem howa ýaly zerur.

Ýeňiş “Balkana” ýaryş tertibindäki ornuny gowulandyrmaga ýardam berip bilermi? Häzir “Balkan” 30 utuk bilen üçünji ýerde barýar. 32 utukly “Ahal” bolsa 2-nji orunda. “Balkanyň” bu tapgyrda ikinji orna geçjegine ynanmak kyn. Sebäbi “nebitçiler” ýeňiş gazanaýanda-da, “Ahalyň” “Daşoguzdan” ýeňilmegi gerek. Oňa bolmak garaşmagam kyn.

Ýeňiş “Merw” toparyna bolsa täsirini ýetirip biler. Ýöne toparyň häzirki 8-nji ornunda galjagy ýa-da bolmanda bir basgançak ýokary göteriljekdigi diňe “Hazyna” bilen HTTU-nyň oýnunyň netijesine bagly bolar.

Duşuşygy deňlik bilen tamamlap, utuk ýitirmek bolsa iki tarap üçin hem bähbitsiz.

Näme üçindir, Ýokary ligadaky duşuşyklaryň sanyna ser salyp görsek, “Balkanyň” “Merwden” bir oýun az oýnandygy görünýär. Şu tapgyrda “Merw” Ýokary ligadaky 670-nji duşuşygyny geçirer. “Merw” ýeňiş gazansa, bu onuň milli ýaryşlardaky 340-njy ýeňşi bolar.

Toparlaryň arasynda birinji aýlawda bolan duşuşykda derwezelere 5 gol girdi. Ýeňiş bolsa “Balkanyň” tarapynda boldy – 3:2.

Göreliň, birnäçe tapgyr bäri, kän bir oýny gitmeýän Myrat Ýagşyýew bu duşuşykda tapawutlanyp, toparyna ýeňiş getirip bilermikä ýa-da “Merw” özüniň Baýramalydaky meýdanynda janköýerlerini begendirip bilermikä?

 

“Şagadam” – “Aşgabat”

Ýa-da Ýokary liganyň 4-nji orny üçin göreşýän toparlaryň duşuşygy. Häzir 4-nji orundaky “Aşgabat” bilen 5-njilikdäki “Şagadamyň” arasynda diňe 2 utuk bar. Bu bolsa islendik wagtda geçilip bilinjek aralyk. “Kenarlylar” şu tapgyrda şol aralygy geçmek üçin ellerinden gelenini gaýgyrmasa gerek. Olar ýer eýeleri, öz janöýerleriniň arasynda oýnaýarlar. Diýmek, artykmaçlyk “Şagadamyň” tarapynda ýaly. Ýöne möwsümiň başynda Berdi Şamyradow, Alik Haýdarow ýaly halypalary düzümine goşup, soňky tapgyrlara çenli şowly çykyş eden “Aşgabat” hem aňsat-aňsat ýeňşi bermese gerek.

Duşuşykda “Şagadam” ýeňse, ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, ýaryş tertibindäki ornuny gowulandyrmaga mümkinçilik dörär. Deňlik bolsa toparlaryň ikisi üçin hem bähbitli däl. “Şagadam” üçin-ä hasam howply. Çünki HTTU bilen “Hazyna-da” yzyndan kowup gelýär. “Aşgabat” ýeňse welin, topar üçünji orna-da geçip biler. Ýöne bu “Merw” – “Balkan” duşuşygynyň netijesine bagly bolar.

Toparlaryň arasynda birinji aýlawda bolan duşuşyk 2:1 hasabynda paýtagtlylaryň ýeňşi bilen tamamlanypdy.

 

“Ahal” – “Daşoguz”

“Ahala-da”, bombardirlik ýaryşynda öňdebaryjylar Myrat Ýagşyýew bilen Süleýman Muhadowa has ýakyn gelen Altymyrat Annadurdyýewe-de juda gowy mümkinçilik. Ýöne, elbetde, akylly-başly peýdalanyp bilseler. Duşuşykda, doly artykmaçlyk “Ahalyň” tarapynda. Ýöne “Daşoguz” hem öz öýünde “Hazynany” ýeňip, beýle bir howpsuz topar däldigini subut edipdi.

Toparlaryň arasynda birinji aýlawda bolan duşuşyk 1:4 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlanypdy. Eger, garaşylşy ýaly, “Ahal” şu tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilse, bu toparyň yzygiderli gazanan 4-nji ýeňşi bolar. “Ahal” şu möwsümde entek yzygiderli 4 ýeňiş gazanyp görenok.

 

“Altyn asyr” – “Energetik”

Eýýäm iň ýakyn garşydaşyndan 10 utuk  ara açan “aragatnaşykçylaryň” bu tapgyrda hem ýeňiş gazanjakdygyna ynansa bolar. Çünki olaryň bu tapgyrdaky garşydaşy Ýokary liganyň täze agzasy. Toparlaryň arasynda birinji aýlawda bolan duşuşyk 1:4 hasabynda “Altyn asyryň” peýdasyna tamamlanypdy. Duşuşykda bombardirlik ýaryşynda öňe saýlanmak üçin Süleýman Muhadowa-da mümkinçilik dörese gerek. Munuň üçin Süleýmanyň topardaşlary bilen sazlaşykly oýun gurup, öňe okgunly hereket etmegi ýeterlik bolup biler.

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации