Последние новости

Архив новостей

TÝL – 2015, 17-nji tapgyryň duşuşyklary: çaklamalar, maglumatlar

0
5438

HTTU — «Merw»

17-nji tapgyryň duşuşyklary Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbol meýdanynda geçiriljek HTTU — «Merw» duşuşygy bilen başlar. Häzirki wagtda deň utuk bilen 6-njy orny paýlaşýan bu toparlaryň güýji biri-biri bilen deňeçer. Hatda Maryda geçirilen duşuşyklarda «Merwiň», Aşgabatdaky oýunlarda bolsa HTTU-nyň rüstem gelýändigini birnäçe ýola gördük. Şu duşuşykda hem toparlaryň ikisine-de deňeçer baha berilýär. Hatda toparlaryň arasynda 1-nji aýlawda bolan duşuşyk hem 1:1-lik deňlik bilen tamamlanypdy. Şonuň üçin oýnuň deňlik bilen tamamlanmagam ahmal. Eger toparlaryň haýsydyr biri ýeňse, 6-njy orunda ymykly ýerleşip biler. Ýeňlen topara bolsa 7-nji orny hem ýitirmek howpy abanýar. Çünki «Hazyna» HTTU-dyr «Merwden» bary-ýogy bir utuk yzda gelýär.

Mahlasy, HTTU — «Merw» duşuşygy hem-ä 6-njy orna ymykly geçmegiň, hem-de 7-nji orny elden bermezligiň söweşi bolar. Göreliň, bu söweşde kim üstün çykarka?

 

«Energetik» — «Hazyna»

Tapgyrda Ýokary ligada ilkinji gezek çykyş edýän toparlar «Energetik» bilen «Hazyna» ýene bir ýola güýç synanyşýar. «Energetik» geçen ýyl ýurdumyz boýunça 1-nji liganyň çempiony bolan hem bolsa, Ýokary ligada «Hazyna» ondan üstün görünýär. Hatda bu «täzejeleriň» arasynda Aşgabatda bolan duşuşykda «ykdysadyýetçiler» 4:1 hasabynda ýeňiş gazanypdylar. Ýöne «Energetigiň» hem öz meýdanynda örän gowy oýun görkezýändigini ýatdan çykarmaly däl. Şonuň üçin bu duşuşykdan deňlige hem garaşyp bolar.

Elbetde, ýeňiş toparlaryň ikisine-de gerek. Ýöne ýeňiş gazanyp biläýen ýagdaýynda «Hazynanyň» ýaryş tertibindäki eýeleýän ornuny ýokary galdyrmaga mümkinçiligi bar. «Hazyna» ýokary galýarmy, ýa «Energetik» oňa ýakynlaşýarmy, bu diňe oýundan soň belli bolar.

 

«Daşoguz» — «Altyn asyr»

Gürrüňsiz, «Altyn asyr» rüstem görünýär. Ýöne «Daşoguzyň» öz meýdanynda geçen saparky bolan oýunda «Hazynany» ýeňip, janköýerlerini begendirendigini hem ýatdan çykarmaly däl. Şonuň üçin «aragatnaşykçylar» bu oýuna çyny bilen ýapyşyp, garaşylýan ýeňşi gazanmak we çempionlyk üçin has ynamly ädimler bilen öňe gitmek üçin çynlakaý taýýarlansalar we oýnasalar gowy bolar.

Toparlaryň arasynda 1-nji aýlawda Aşgabatda bolan duşuşykda «Altyn asyr» jogapsyz pökgüleriň 4-si bilen ýeňiş gazanypdy. Eger ýene şeýle oýun görkezip bilseler, Süleýman Muhadow ýaly bombardirlik üçin ýaryşýan hüjümçilere oňat mümkinçilik bar.

 

«Aşgabat» — «Ahal»

Bu toparlaryň aýratynlygy biriniň güýçlenen wagty, beýlekisiniň asgynlaýandygydyr. Mysal üçin, öňräkki tapgyrlarda «Ahal» birnäçe tapgyr şowsuz çykyş etdi. Şol mahallar «Aşgabat» şowly oýunlary bilen 3-nji orna çenli çykdy. Geçen tapgyrda bolsa 3-nji orna «Ahal» geçdi. Diýmek 3-nji orun üçin ýaryş dowam edýär. «Ahal» bilen «Aşgabadyň» arasynda bary-ýogy ýekeje utuk tapawut bar.

Kim güýçli? «Aşgabatmy», «Ahal»? Muny diňe oýunda aýdyp bolar? Ýöne 1-nji aýlawda-ha 1:0 hasabynda «Ahal» ýeňipdi.

 

«Balkan» — «Şagadam»

Başgaça, Balkan derbisi. Birnäçe tapgyr bäri şowsuz çykyş edip gelýän «Şagadam» bu gezek myhmançylykda şol şowsuzlykdan gutulyp bilermikä? Ýöne «Balkan» Ýokary ligada öz öýünde iň gowy çykyş edýän topar. Şu oýunda hem «Balkan» rüstem görünýär diýsek, ýalňyş bolmasa gerek! Ýöne 1-nji aýlawda Türkmenbaşy şäherinde bolan duşuşyk 2:2 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. Belki ýene şoňa meňzeş deňlik bolup biler.

Eger «Balkan» ýeňiş gazansa, 2-nji orunda galyp biler. Deňlik ýer eýeleri üçin howply. Çünki «Ahal» «Balkan» bilen utuklaryny deňledi. «Şagadam» ýeňse welin, «kenarlylar» ýaryş tertibindäki ornuny üýtgedip bilmeselerem, «Aşgabat» bilen arany ýygryp bilerler.

Çaklamalara has dolulygyna düşünmek üçin Ýokary liganyň häzirki tertibini goýýarys:

«ALTYN ASYR» 16/39
«BALKAN» 16/29
«AHAL» 16/29
«AŞGABAT» 16/28
«ŞAGADAM» 16/25
«MERW» 16/20
HTTU 16/20
«HAZYNA» 16/19
«ENERGETIK» 16/12
«DAŞOGUZ» 16/4

 

Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Похожие публикации