Türkmenistanyň 2018 dünýä çempionatyna we 2019 aziýa kubogyna gatnaşmaga mümkinçilikleri

0
3853

Dünýä çempionaty: haýsy materikden näçe topar gatnaşýar?

Şu wagtky düzgüne görä, Futbol boýunça dünýä çempionatyna 32 milli ýygyndy gatnaşdyrylýar.  Şolaryň arasynda ýer eýeleri hem bar. Dünýä çempionaty näçe döwletde geçirilýän bolsa (mysal üçin, 2014-nji ýyldaky çempionat Polşada we Ukrainada geçirildi) ýer eýeleri üçin şonça hem ýer aýrylýar. Tä 2006-njy ýyldaky çempionata çenli öňki çempionyň nobatdaky çempionata awtomatiki usulda gatnaşmagy däp bolup gelýärdi. Soňra bu däp aradan aýryldy. Ýer eýelerinden başga ähli milli ýygyndylar dünýä birinjiligine gatnaşmak üçin saýlama tapgyrlardan geçmeli boldular.  

Dünýä çempionatyndan öň her bir yklymda saýlama tapgyrlaryň duşuşyklary geçirilýär. Ahyrky netijede iň güýçlüler dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanýar. Ýöne dünýä çempionatyna gatnaşýan döwletleriň sany yklymlara görä deň däl. Biz muny 2010-njy ýylda Günorta Afrika Respublikasynda geçirilen dünýä çempionatynyň mysalynda görkezmek isleýäris. Çünki ähli dünýä çempionatlarynda, esasan, şu sanlar saklanylýar.

  • Dünýä kubogy – 2010-a
  • UEFA-dan (Ýewropa) 13 milli ýygyndy;
  • CAF-dan (Afrika) 5 milli ýygyndy we ýer eýesi GAR;
  • AFC-dan (Aziýa) 4 milli ýygyndy;
  • AFC we OFC (Okeaniýa) pley-of duşuşygyndan 1 milli ýygyndy;
  • CONMEBOL-dan (Günorta Amerika)  4 milli ýygyndy;
  • CONCACAF-dan (Demirgazyk we Orta Amerikadan) 3 milli ýygyndy;
  • CONMEBOL bilen CONCACAF-yň pleý-ofyndan 1 milli ýygyndy gatnaşdy.

Aziýa boýunça saýlama tapgyr

Aziýa sebiti boýunça saýlama duşuşyklar jemi 4 tapgyrdan ybaratdyr.

Birinji tapgyrda FIFA-nyň reýtinginde has aşakdaky orunlary eýeleýän 12 milli ýygyndy öz aralarynda duşuşdy. Duşuşyklaryň bijeleri 2015-nji ýylyň 10-njy fewralynda Malaýziýanyň paýtagty Kuala Lumpur şäherinde çekildi.

Birinji tapgyryň duşuşyklary 12-nji we 17-nji martda geçirildi. Olarda ýeňiji bolan 6 milli ýygyndy Aziýa boýunça saýlama ýaryşyň ikinji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Şeýlelikde Hindistanyň, Ýemeniň, Gündogar Timoryň, Kambojiýanyň, Taýwanyň we Butan döwletiniň milli ýygyndylary ikinji tapgyra çykdylar.

Ikinji tapgyra jemi 40 sany milli ýygyndy gatnaşýar (AFC reýtinginiň 1-34-nji orunlary we birinji tapgyryň 6 sany ýeňijisi). Olar 5-5-den jemi 8 toparça bölünip ýaryşýarlar. Ähli toparçalarda birinji orny eýelän milli ýygyndylaryň ählisi we ikinji orunlary eýelän ýygyndylaryň içinden iň gowy 4 topar 3-nji tapgyra geçiriler. Ýeri gelende aýtsak, şu 12 milli ýygyndy 2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Aziýa çempionatyna gönümel gatnaşmaga-da hukuk gazanar.

Şeýlelikde häzirki wagtda dowam edýän ikinji tapgyryň duşuşyklarynyň netijesinde jemi 24 milli ýygyndy Aziýa Kubogynyň saýlama ýaryşynyň 3-nji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanýar. Ol hem öz aralarynda 4-4-den 6 toparça bölünip ýaryşy dowam etdirerler.

FIFA-nyň aprel aýyndaky reýtingine görä, şol mahal 159-njy orny eýelän Türkmenistanyň milli ýygyndysy ikinji tapgyryň saýlama duşuşyklaryna 3-nji torbadan goşuldy. Ýeri gelende aýtsak, AFC reýtindinde 17 — 24-nji orunlary eýeleýän milli ýygyndylar 3-nji torbany emele getirdi. «D» toparçada Eýranyň, Hindistanyň, Omanyň we Guamyň milli ýygyndylary bilen güýç synanyşýan milli ýygyndymyz toparçada geçiren iki duşuşygyndan so, 1 utuk toplap, 4-nji orunda barýar. Türkmenistanyň geçen we öňdäki duşuşyklaryna teswir bermezden öňürti toparçadaky eýelenen orunlaryň berýän mümkinçiliklerine garap geçeliň:

Toparçada 1-nji orny eýelän milli ýygyndy ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, Dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşlarynyň üçünji tapgyryna çykmaga hukuk gazanar we Aziýa Kubogyna gönümel gatnaşyp biler.
Toparçada 2-nji orny eýelän milli ýygyndy Dünýä çempionatynyň saýlama ýaryşlarynyň üçünji tapgyryna çykmaga hukuk gazanar. Olaryň içinde iň gowy netije görkezen iki milli ýygyndy Aziýa Kubogyna gönümel ýollanma alyp bilýär. Toparçada ikinji orna mynasyp beýleki 6 milli ýygyndy bolsa Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmaly bolar.
Toparçada 3-nji orny eýelän milli ýygyndy Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.
Toparçada 4-nji orny eýelän 8 milli ýygyndynyň iň gowy netije görkezen 4-si  Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna gönümel gatnaşmaga hukuk gazanyp biler. Galan 4 milli ýygyndy bolsa şol tapgyra gatnaşmak üçin pleý-of duşuşyklaryny geçirmeli bolar.
Toparçada 5-nji orny eýelän milli ýygyndy Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna gatnaşmak üçin pley-of duşuşyklaryny geçirmeli.

Milli ýygyndymyz ilkinji duşuşygynda Guamdan üstün çykyp, Eýranyň yýygndysy bilen hem deň oýnap bilen bolsa, häzir 4 utuk bilen toparçada ikinji orunda bolmaga mümkinçilik alardy. Ýöne edil häzirlikçe yzda galan iki duşuşykdan soň, milli ýygyndymyzyň 1 utugy bar we ol toparçada 4-nji orny eýeleýär.

Edil häzirki ýagdaýda toparçalarda 4-nji orny eýeleýän milli ýygyndylaryň içinde diňe Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň 1 utugy bar. 4-nji orundaky beýleki ýygyndylar entek utuk alanok. Bu bolsa türkmen futbolçylaryna Aziýa Kubogynyň üçünji saýlama tapgyryna gönümel gatnaşmaga hukuk berýär.

Ýurdumyzyň milli ýygyndysynyň öňdäki duşuşyklaryna hem gysgaça nazar aýlalyň!

03.09.2015 ý. — Oman-Türkmenistan

08.10.2015 ý. — Türkmenistan-Hindistan

13.10.2015 ý. — Türkmenistan-Guam

12.11.2015 ý. — Eýran-Türkmenistan

17.11.2015 ý. — Türkmenistan-Oman

29.03.2016 ý. — Türkmenistan-Hindistan.

Duşuşyklar barada öňünden bir zat aýtmak kyn. Çünki ýaryş başmanka, toparçada iň asgyn milli ýygyndy hasaplanylýan Guam häzir 6 utuk bilen 1-nji basgançakda barýar. Aziýanyň birinjisi Eýranyň ýygyndysy bolsa garaşylmadyk ýagdaýda ildeşlerimiz bilen deňlik hasapda oýnap, utuk ýitirdiler. Ýöne bir zady aýdyp bileris. Ildeşlerimize, bolmanda, toparçada üçünji orny eýelemek mümkinçiligi bar. Eger şu başartsa, ildeşlerimiz Dünýä çempionatynyň nobatdaky saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukugy ýitirseler-de Aziýa birinjiligi ugrundaky ýaryşy dowam etdirip bilýärler. Ýöne biz ildeşlerimizden has gowy netijelere garaşýarys. Milli ýygyndymyz oýuna yhlas edilende we taýýarlyk gowy bolanda Eýran ýaly milli ýygynda garşy mynasyp oýun görkezip biljekdigini subut etdi.

Geliň, onda türkmen futbolçylaryna bu jogapkäçilikli ýaryşlarda üstünlik arzuw edeliň we olary goldalyň!

----------------------------------------------------------------------------------------------------------

Sport habarlaryny we täzeliklerini biziň toparymyzda yzarlap bilersiňiz! Sizem goşuluň we paýlaşyň!!!

Добавить

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru