16-njy tapgyryň duşuşyklary: sanlar, çaklmalar

0
589

«Hazyna» — «Merw»

«Hazyna» bilen «Merwiň» arasynda geçjek duşuşyk, megerem, tapgyryň iň esasy duşuşygy däldir, ýöne bu oýnuň netijesi toparlaryň ikisine-de täsir eder. Çünki şu dyşuşykda gazanyljak ýeňiş bilen «Hazynanyň» «Merw» bilen arany 1 utuga çenli ýygryp, ýaryş tertibinde-de 7-nji basgançaga geçmegine mümkinçilik bar. Ýöne munuň üçin HTTU-nyň «Şagadam» bilen myhmançylykda geçirjek duşuşygynda ýeňilmegi şertdir. Eger, 7-nji tapgyrdaky ýaly ýene «Merw» ýeňiş gazansa, onda topar 6-njy orundaky ýerini has-da berkider. Duşuşygyň deňlik bilen tamamlanjak netijesi bolsa iki toparyň hem ýaryş tertibindäki ornuna täsir etmez.

Belki «Hazyna» Ýokary liga ilkinji gezek gatnaşýandyr, ýöne toparyň «Merwe» mynasyp garşylyk görkezip bilmäge mümkinçiligi bar. Başga bir gyzykly maglumat bolsa toparlaryň ikisi hem öz meýdanynda soňky geçiren duşuşygynda «Şagadamy» 1 gol tapawut bilen ýeňdiler.

«Merw» şu tapgyrda milli ýaryşlardaky 760-njy duşuşygyna çykar, ýeňiş gazanaýsa welin, bu toparyň milli ýaryşlardaky 340-njy ýeňşi bolar. Duşuşykda «Hazyna» diňe ýeňmek däl, eýsem, ýekeje gol geçirip bilmek hem kiçijik-de bolsa üstünlik getirip biler. Çünki şu duşuşykda geçirjek ýekeje goly bilen «ykdysatçylar» şu möwsümde 20 we ondan hem kän gol geçiren 6-njy topar bolar.

Toparlaryň arasynda birinji aýlawda (7-nji tapgyr) Baýramalyda bolan duşuşykda «Merw» Söhbet Allanurowyň we Jemşit Orazmuhammedowyň gollary bilen 2:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

 

«Altyn asyr» — «Aşgabat»

Bu ýyl hem çempionlyk üçin ynamly ädimler bilen öňe barýan «Altyn asyr» paýtagtymyzyň adybir toparyny kabul eder. Başgaça aýtsak, tapgyryň iň esasy duşuşyklary Altyn asyr ýeňse arany has açmaga mümkinçilik bar, sebäbi balkanada agyr oýun garaşýar.

Aşgabat ýeňse, balkan ýeňläýen halatynda ikinji orna geçmäge mümkinçilik alyp biler. Duşuşygyň deňlik bilen tamamlanmagy toparlaryň ýaryş tertipnamasyndaky ornuny üýtgedenok.

Eger-de şu duşuşykda ýeňiş gazansa, onda bu ýeňiş «Altyn asyryň» Ýokary ligadaky 110-njy ýeňşi bolar. Üstesine-de bu ýeňiş ýer eýeleriniň üst-üstüne gazanan 5-nji ýeňşi bolar. «Aşgabadyň» hem ýeňişli tapgyry dowam edýär. Eger bu duşuşykda myhmanlar ýeňiş gazansa, bu olaryň bassyr üçünji ýeňşi bolar.

Göreliň! Soňky tapgyrlarda şowly çykyş edýän toparlaryň özara duşuşygynda ýeňiji kim bolarka? Tejribeli hüjümçi Berdi Şamyradow geçen möwsümdäki toparynda ilkinji gezek myhmançylykda bolýar. Ol bu duşuşykda tapawutlanyp bilermikä?

«Altyn asyr» bilen «Aşgabadyň» arasynda 1-nji aýlawda bolan duşuşyk 1:0 hasabynda «aragatnaşykçylaryň» peýdasyna tamamlandy. Duşuşykdaky ýeketäk goly Süleýman Muhadow öz adyna ýazdyrdy.

 

«Şagadam» — HTTU

Çempion bolan ýyllarynda-da HTTU-a «Şagadamy» myhmançylykda ýeňmek kyn düşýärdi. Köplenç, ýeňilip gelýärdi. Wagt geçdi. «Şagadam-a» güýçlendi, HTTU bolsa orta gürpdäki toparlaryň birine öwrüldi. Şonuň üçin hem bu duşuşykda artykmaçlyk «Şagadamyň» ýanynda ýaly görünýär. Eger şeýle bolsa, bu duşuykda gazanjak ýeňşi bilen «Şagadamyň» 4-nji orna geçmäge mümkinçiligi bar. Ýöne bu «Ahal» bilen «Balkanyň» haýsynyň ýeňjekdigine bagly. «Şagadam» häzir «Ahaldan» 1 utuk yzda barýar. Duşuşykda HTTU-nyň ýeňşi nämäni berip biler? HTTU «Merwe» ýakynlaşyp biler. Ýöne munuň üçin «Hazynanyň» hem «gaýrat etmegi» gerek. Duşuşygyň deňlik bilen tamamlanmagy, belki, «Şagadama» zyýanyny ýetirip bilmez, ýöne HTTU üçin zyýanly. Gowy oýnap, ýeňiş gazansa, «Hazyna» HTTU-nyň eýeleýän ornuny — 7-nji orny öz eline geçirer.  ýeňse 4-nji orna geçmäge mümkinçilik bar. Ahal geçen oýundada balkandan ýeňlipdi.

Şu duşuşyk «Şagadamyň» Ýokary ligadaky 640-njy duşuşygydyr.

Göreliň! Kim ýeňerkä? Garşydaşlaryň ikisi hem iki tapgyr bäri şowsuz çykyş edip gelýär. Belki bu tapgyrda birinden-biri ýeňiş bilen didarlaşar.

«Şagadam» bilen HTTU-nyň arasynda 1-nji aýlawda bolan duşuşyk 2:1 hasabynda «Şagadamyň» peýdasyna tamamlandy.

 

«Ahal» — «Balkan»

Hemmämiziň, «Balkanyň» «Ahaly» uly hasap bilen ýeňşine hol günjükdi. Bu gün bolsa «Ahal» «Balkany» kabul edýär. Gürrüňsiz, ýene gyzykly duşuşyk bolar. Eger ýer eýeleri ýeňiş gazansa, onda «Balkan» bilen utuk sanyny deňläp biler. Ýöne «Ahalyň» üçünji orna geçmegi üçin bolsa «Aşgabadyň» «Altyn asyrdan» ýeňilmegi gerek. Ýene-de «nebitçiler» ýeňse, onda olar ikinji ornuny has-da berkider. Duşuşyk deňlik bilen tamamlansa, «Ahal» öňki eýeleýän ornuny hem «Şagadama» gidirip biler.

Belki öz meýdanynda gowy çykyş edýändir, ýöne «Balkana» myhmançylykdaky oýunlarynda üstünlik gazanmak kyn. Hatda «Ahalam», «Balkanam» myhmançylykda Ýokary liganyň täze agzasy «Energetik» bilen deňe-deň oýnapdylar.

«Ahal» bilen «Balkanyň» arasynda birinji aýlawda bolan duşuşykda «nebitçiler» Serdaraly Ataýewiň, Begenç Annagurbanowyň, Myrat Ýagşyýewiň, Amir Gurbanynyň gollary bilen 4:1 hasabynda ýeňipdiler. «Ahalyň» ýeketäk jogap pökgüsini Mihail Titow geçiripdi.

 

«Energetik» — «Daşoguz»

Ýaryş tertipnamasyny jemleýji toparlaryň duşuşygynda ýeňiş he, ýeňliş hem toparlaryň eýeleýän ornuna täsir etmez. Şeýle-de bolsa bu duşuşyk olaryň haýsynyň rüstemdigini anyklamaga ýardam eder.

«Energetik» myhmançylykda şowsuz çykyş etse-de, öz meýdanynda aňsat ýeňilmeýän toparlaryň biri. Geçen tapgyrda «Daşoguz» hem «Hazynany» ýeňip ruhlandy. Indi «Energetik» bilen «Daşoguzyň» her haýsynda bir ýeňiş bar. Ikisi hem öz meýdanynda ýeňdi.

Eger «Daşoguz» geçen tapgyrdaky oýnuny ýitirmän, üstünlik gazanaýsa, onda bu toparyň milli ýaryşlardaky 180-nji ýeňşi bolar. Eger duşuşykda «Enerhetik» garşydaş derwezä ýekeje gol geçirip biler şu möwsümde 10 we ondan kän gol geçiren 8-nji topar bolar.

Ýatladýarys toparlaryň arasynda 1-nji aýlawda geçen duşuşyk 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy. «Daşoguzdan» Arslan Gurbanow, «Energetikden» Kerim Hojaberdiýew tapawutlandy. 

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru