TÝL-2015, 11-nji tapgyryň möhleti süýşürilen duşuşygy - «Ahal»-«Altyn asyr»: sanlar, maglumatlar, çaklamalar

0
702

Mundan birnäçe ýyl ozal hem HTTU bilen «Balkanyň» arasyndaky duşuşyk ýokary liganyň iň esasy duşuşygy hasaplanýardy. Soňky ýyllarda bolsa bu möhümlik «Altyn asyr» bilen «Ahalyň» arasyndaky duşuşyga geçdi. Şu möwsümde bu toparlaryň arasyndaky iki duşuşugyň hem möhleti süýşürildi. Mundan öň 2-nji tapgyrdaky duşuşyk hem 3-nji maýda geçirilipdi. Ol 1:1 hasabyndaky deňlik bilen tamamlanypdy.

Käbir sanlara ýüzleneliň!

Eger 24-nji iýundaky duşuşykda ýer eýeleri — «Ahal» ýeňiş gazansa, topar 26 utuk bilen üçünji orna geçip biler. Deňlik bolsa artykmaçlyk myhmanlaryň tarapynda bolar: deňlik «Altyn asyryň» iň ýakyn bäsdeşi «Balkandan» iki utuk öňe saýlamagyna getirer. Galyberse-de, bu deňlik «Ahalyň» şu möwsümdäki 6-njy, «Altyn asyryň» bolsa 4-nji deňligi bolar.  Myhmanlar ýeňiş gazansa welin, «Altyn asyr» bilen «Balkanyň» arasyndaky tapawut 4 utuga çenli artar.

Bu duşuşykdan öň 11-nji tapgyrda derwezelere 13 pökgi geçirilipdi.

Geçirilen pökgüleriň sany boýunça artykmaçlyk «Altyn asyryň» elinde. Geçen ýylky çempion şu wagta çenli derwezelere 28 pökgi geçirdi. Hüjüm bölegini tejribeli Mämmedaly Karadanow bilen futzaldan gelen iki sany ýaş oýunça (A.Annadurdyýew, M.Titow) ynanan «Ahal» bolsa entek 13 goly geçirdi. Şu duşuşykda «Altyn asyr» ýekeje pökgi geçirse, oňa «Şagadamdan» öňe saýlanyp, iň köp gol geçiren toparlaryň sanawynda ikinji orunda ymykly ýerleşmäge mümkinçiligi bar.

Derwezeçiler babatda hem «Altyn asyryň» üstünligi bar. Geçen möwsümde «Ahalyň» ätiýaç derwezewanlygyny «hiç kime bermedik» Mämmet Orazmuhammedow bu ýyl «Altyn asyr» bilen ajaýyp möwsüm geçirýär. Muny toparyň şu möwsümde derwezesine bary-ýogy 9 pökgini geçirdenligi hem subut edýär. Tejribeli Akmyrat Gurbanow bilen milli ýygyndymyzyň baş derwezewany Nikita Gorbunowyň goraýan derwezesinden bolsa, möwsümiň başyndan bäri 15 pökgi geçdi.

Şu möwsümde «Ahal» iň uly ýeňşini 1-nji tapgyrda gazandy. Şonda topar öz meýdanynda ýokary liganyň täze wekilini — «Energetigi» jogapsyz pökgüleriň 6-sy bilen ýeňlişe sezewar edipdi. «Altyn asyr» bolsa şu möwsümdäki iň uly ýeňşini öz meýdanynda «Daşoguz» bilen bolan duşuşykda gazandy. Onda «aragatnaşykçylar» 4:0 hasabynda ýeňdiler.

Şu duşuşykda myhman hökmünde çykyş etjek «Altyn asyr» myhmançylykda  geçiren duşuşyklarynda iň köp ýeňen topardyr. Ol myhmançylykda 6 ýeňiş gazandy, ýekeje gezek hem ýeňlenok.  Topar myhmançylykda garşydaş derwezelere 12 pökgi geçirdi, öz derwezesine bolsa diňe birje pökgi geçirtdi.

«Ahal» ýer eýesi hökmünde geçiren duşuşyklarynyň 3-sinde ýeňiş gazandy, birinde ýeňildi (HTTU-dan). Topar öz meýdanynda geçiren duşuşyklarynda 12 gol geçirdi, 5 gol geçirtdi.

Eger «Hazyna» bilen duşuşykda «Hazyna» berlen tehniki ýeňliş hasaba alynmasa, «Ahal» 9-njy tapgyrdan, ýagny 25-nji aprelden bäri geçiren duşuşyklarynda ýeňip görenok. Bu bolsa tas kem 2 aýa golaý möhletdir. «Altyn asyr» bolsa soňky 2 tapgyr bäri diňe ýeňiş gazanyp gelýär.

Şu ýakynda geçirilen iň soňky duşuşygynda «Ahal» «Balkandan» 4:1 hasabynda ýeňildi, «Altyn asyr» bolsa HTTU-ny edil şol hasap bilen ýeňdi.

Şu ýyl AFK-nyň kubogynda türkmen futbolynyň abraýyny goran «Ahal» möhleti süýşürilen duşuşyklarynda entek ýeňiş gazanyp görenok («Altyn asyr» — «Ahal» 1:1, «Balkan» — «Ahal» 4:1).

Bu duşuşykda-da «Altyn asyr» ýer eýelerine görä rüstem görünýär. Ýöne toparlaryň ikiçäk duşuşygynda üstünlik «Ahalyň» tarapynda. Göreliň, bu duşuşykda ýeňiş kimiň tarapynda bolarka?

Öz toparyňyza janköýerlik ediň!

Duşuşyk göni ýaýlymda www.turkmenportal.com-uň resmi LINE hasabynda şu salgy boýunça alnyp barlar.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru