Şeýle zehin bar

0
1157

Mysal üçin, aýdalyň, 6479x7=? Şu amaly hasaplamak üçin size bary-ýogy dört sekunt berilýär. Hawa, ýalňyş eşitmediňiz! Siz bu hasaplamanyň jogabyny goşar sagadyňyzyň sekunt sanaýan uly dili dört ädim ätýänçä tapyp bilersiňizmi?

Seýran barada birinji gezek eşdenimde men hem edil siz ýaly: “Mümkin däl!” diýipdim. Ýöne mümkin eken. Hawa, şeýle zehin bar. Ol köpeltmek bilen baglanyşykly matematiki hasaplamalaryň ussady. Diňe köpeltmek bilenmi? Ýok, diňe köpeltmek däl. Uly belgileri sanlary bary-ýogy dört sekuntda köpeldip durka, biz onuň iki sany üç belgili sany biri-biriniň üstüne şol sekundyň özünde goşup berýändigini aýdyp hem oturjak däl. Ýöne, ine, siz  bu maglumaty hem öwrendiňiz! Özi barada has köp maglumaty bolsa, üýtgeşik ukybyň eýesi, Halkara türkmen-türk uniweristetiniň uçurymy, häzir bolsa ýaş nesle iňlis dili boýunça bilim berýän bilim işgäri Seýran Nuryýewiň hut öz dilinden eşdeliň!

-Seýran, seniň ukybyň barada men-ä öňden bäri habarly! Ýöne şeýle-de bolsa, men saňa entegem haýran. Öňem telim ýola beren sowalymy ýene bir gezek gaýtalaýanym üçin gaty görme! Bu hasaplamalaryň biri syry barmy ýa-da şahyrlaryň kalbyna ylham gelşi ýaly, hasaplamalaryň jogaby seniňem beýniňe niredendir bir ýerden uçup geläýýärmi?

-Men ýene bir gezek iki soragyňa-da “Ýok” diýip jogap berýän. Ylmyň juda ösen zamanasynda ýaşaýarys. Şonuň üçin hem käbir çylşyrymly hasaplamalara çenli aňsat hasaplamagyň ýollary tapyldy. Ýöne men olaryň birini hem öwrenmedim. Öwrenjek hem bolamok. Hasaplamalara “hile” salyp, çalt jogap tapyp bilmek zehini küteldýär diýip düşünýärin. Şonuň üçin menem bu hasaplamalaryň hiç hili syrynyň ýokdugyny ýene bir gezek aýtmaly bolýaryn. Niredendir bir ýerden beýnime uçup gelýän jogap hem. Ähli zady uzak ýyllaryň türgenleşiginden soňra ele aldym diýsem, has dogry jogap bolar.

-Aýdýanlaryňdan çen tutsaň-a sen has kiçikäň hasaplamalar bilen gyzyklanyp başlana meňzeýäň.

-Kiçikäm, ýöne has kiçikäm däl. Baryp ikinji synpda öwrenen köpeltmek jedwelimiz altynjy synpa gelenimizde meni has özüne çekip başlady. Birnäçe wagtlap türgenleşip, 0-dan 10-a çenli ähli sanlary bir belgili sanlara sakynman köpeltmegi ele aldym. Elbetde, köp zähmeti talap etmedi. Ýöne näme-de bolsa, bu ilkinji ädimimdi. Soňra hasaplamalar barada has kämilleşmegi ýüregime düwdüm we iki belgili sanlary bir belgililere sakynman köpeldip bilmek üçin türgenleşdirm. Iki belgililerden soňra, üç belgililere, soňra-da dört belgililere geçdim.

-Ýöne näme üçin iki belgili bolsun, üç ýa dört belgili bolsun, ähli sanlary diňe bir belgili sanlara köpeldýäň (3847x8=? görnüşde)? Ikinji sany biraz ulaltmak niýetiň ýokmy?

-Ine, başdaky beren sowalyň jogaby şu ýerden hem gelip çykýar. Eger men haýsydyr bir “syr” arkaly hasaplaýan bolsam, “syralaryň” galan böleklerini hem ele almaga çalşardym. Ýöne görşüň ýaly, has köp belgili sanlary bada-bat köpeldip bilemok. Diýmek, entek türgenleşigim ýeterlik derejede däl. Ýöne şu soragy berjekdigiňi öňünden bilen ýaly, üç belgili sany iki belgili sana bada-bat köpeltmek barada türgenleşýän. Enteg-ä netije o diýen gowy däl. Dogry jogaby tapmak üçin ýedi-sekiz sekunt dagy wagt gerek bolýar. Käte bolsa, beren jogaplarym hem ýalňyş çykyp bilýär. Ýöne munuň başaryp bolmajak zat däldigine hem gözüm ýetdi.

-Edil häzir bada-bat nähiliräk hasaplamalara jogap berip bilýärsiň?

-Üç belgili sany bir belgili sana üç sekuntda köpeldip bilýän. Dört belgili sany bir belgilä köpeltmegim üçin bolsa, ýene bir sekunt gerek bolýar. Mundan başga-da iki sany üç belgili sany biri-birine goşmak üçinem üýtgeşik wagt gerek däl. bary-ýogy iki-üç sekunt ýeterlik.

-647+834=?

-1481 (Bada-bat jogap beren gürrüňdeşim ýylgyrýar)

-Bada-bat hasap bilmegiň durmuşda kän ýerde peýdasy-ha degýändir.

-Şu hasaplamalary öwrenenimden soňra, meniň üçin matematikada esasy zat köpeltmek ýaly bolup dur. Çalt hasaplamalarymyň durmuşda gaty kän ýerde peýdasy degýär. Esasan hem söwda edenimde.

-Çalt hasaplamalary mundan beýläk kämilleşdirmek hakynda-da pikirlenýäsiň, elbetde!

-Hawa, mysal üçin edil häzir kimdir biri hasaplamany ýatdan aýdanynda beýnime biraz agram düşýär. Ýöne haplamalry ýazgyly ýagdaýyny görenimde jogap bermegi has-da çaltlandyryp bilýärin. Diýmek, men entegem kämilleşmeli. Hasaplamalar ýatdan berlende-de edil ýazylgy duranynyňky ýaly ýeňillik bilen hasaplap bilmeli. Onsoňam çalt bölmegi we kök almagy öwrenjek bolýaryn.

-Olaram öwreneňsoň, seniň bilen ýene söhbetdeş bolarys. Saňa mundan beýläk hem okuwyňda-da, durmuşyňda-da üstünlik arzuw edýäris. Ýöne hoşlaşmankak ýene bir soragym bar.

-Iki gulagymam sende.

-4395-i 8-e köpeltseň näçe bolýar?

-35160

-Berekella, sag bol, Seýran! Ýene bir gezek uly üstünlikleri arzuw edýärin!

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru