7-nji tapgyryň möhleti süýşürilen «BALKAN» — «AHAL» duşuşygyndan soňra sanlar we maglumatlar

0
707

“Balkan” — “Ahal” — 4:1

Gollar:

Serdaraly Ataýew 8 min (1:0)

Begenç Annakurbanow 42 min (2:0)

Mihail Titow 51 min (2:1)

Amir Gurbani 52 min (3:1)

Myrat Ýagşyýew 59 min (4:1)

 

HALYPADA TEJRIBE KÄN: «Balkan» — «Ahal» duşuşygynda, elbetde,  esasy jogapkärçilik baş tälimçileriň üstüne düşdi. «Balkanyň» häzirki baş tälimçisi Aly Gurbany geçen möwsümde «Ahal» toparyna tälim beripdi. «Ahalyň» häzirki tälimçisi Guwançmuhammet Öwekow bolsa onuň kömekçisidi. «Şagirt halypadan ozdurmasa, kär ýiter» diýilse-de, tejribeli halypa entek şägirtlerden has ussatdygyny ýene bir ýola subut etdi.

BASSYR 3-NJI GEZEK: Duşuşygyň 8-nji minudynda ýer eýelrrini öňe çykaran ezber hüjümçi Serdaraly Ataýew bassyr 3-nji duşuşykda tapawutlanyp gelýär.

«AHALY» ÖŇKI OÝUNÇYLARY ÝEŇDI: Myhman toparyň derwezesine pökgüleri geçiren Amir Gurbany bilen Serdaraly Ataýew geçen möwsümde «Ahalyň» düzüminde çykyş edipdi. Täze möwsümiň başynda toparda «gereksiz» hasaplanan oýunçylar bu gün öňki topardaşlaryna ilkinji duşuşykda zarba urdy. Edil «Real Madridde» hemişe ätiýaçda oturan Moratanyň «Ýuwentusyň» düzüminde başarjaňlyk bilen çykyş edip,  asyl toparyny Ýewropanyň Çempionlar ligasyndan çykaryşy ýaly...

ÝAGŞYÝEW ARANY AÇÝAR: Duşuşykda «Ahalyň» derwezesine dördünji pökgini girizen Myrat Ýagşyýew şu möwsümdäki gollarynyň sanyny 18-e çykardy. Ol iň ýakyn bäsdeşi Süleýman Muhadowdan («Altyn asyr») indi 3 gol öňde.

5-NJI 40-LYKÇY: Myrat Ýagşyýew soňky 3 möwsümde derwezeden geçiren pökgüleriniň sany 40-dan geçen 5-nji oýunçy boldy.

15, 20 DÄL, 1520: Şu duşuşykda «Balkan» topary milli ýaryşlardaky (Türkmenistanyň çempionaty we Kubogy göz öňünde tutulýar) 1520-nji goluny geçirdi.

900: Myrat Ýagşyýewiň şu duşuşykda «Ahalyň» derwezesine girizen pökgüsi toparyň milli ýaryşlarda geçirden 900-njy goly boldy.

«HALASGÄR»: Bu duşuşyk 7-nji tapgyry şu möwsümdäki iň az golly tapgyrlaryň biri bolmakdan halas etdi. «Balkan» – «Ahal» duşuşygyndan soň 7-nji tapgyrda derwezelere jemi 14 pökgi geçirildi. Mundan öň 13-nji tapgyrda 14 pökgi geçirilipdi.

40-a ÝEKEJE ÄDIM: «Balkan» şu möwsümiň iň golçy topary. Topar şu duşuşykda 39-njy goluny hem derwezeden geçirdi.

DEŇLIK BOZULDY: Şu tapgyrdan öň «Balkan» bilen «Ahalyň» geçirden gollarynyň sany deňdi. Toparlaryň hersi möwsümiň başyndan bäri derwezesinde 11 pökgini görüpdiler. Bu duşuşyk şol deňligi bozdy. Indi «Ahalyň» geçirden gollary 15, «Balkanyňky» bolsa 12 gol.

MYHMANÇYLYKDA BIRINJI GEZEK: Şu duşuşykda «Ahal» 2015-nji ýylyň çempionatynda  myhmançylykda 1-nji gezek ýeňildi

«ALTYN ASYRDAN» HAS ÖŇDE: «Balkan» topary ýaryş sanawnamasynda «Altyn asyrdan» yzda barýan hem bolsa, öz meýdanynda gollary geçirmekde güýçli garşydaşyndan has öňde. Şu duşuşykda diňe öz meýdanynda geçiren gollarynyň sany 26-a çykan «Balkan» topary iň ýakyn bäsdeşi «Altyn asyrdan» 10 gol öňde barýar.

DERWEZEDE DEMIR DIWAR: Şeýle-de diýdirýär. Sebäbi «Balkan» topary öz meýdanynda geçiren 7 duşuşygynda derwezesine diňe 3 gol geçirtdi. Bu bolsa häzirlikçe iň gowy netijedir.

ÝEŇIŞ TAPGYRY BOZULMADY: «Balkan» öýünde geçiren 7-nji duşuşygynda-da ýeňiş gazandy. Şeýlelikde, topar şu möwsümde öz meýdanynda geçiren duşuşyklarynyň hemmesinde-de ýeňdi, kemteresinden ýekeje deňlik hem ýok.

Похожие публикации
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru