TDH Azer TAj we Trend bilen hyzmatdaşlyk etmek baradaky ylalaşyga gol çekdi

0
959
0
0

Aşgabat, 28.02.2015. “Türkmenportal”.

Şenbe güni Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi we Azerbaýjanyň Azer TAj döwlet habarlar agentligi bilen habar alyşmak baradaky Ylalaşyga gol çekdi. Şeýle Ylalaşyk Trend halkara habarlar agentligi bilenem gazanyldy.

Bu resminamalara Bakuwda TDH-niň başlygy Bekdurdy Amansaryýew Azer TAj we Trend agentlikleriniň ýolbaşçylary bilen gol çekişdi.

Resminama laýyklykda, taraplar täze habarlary, analitik makalalary, şeýle hem Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni-gumanitar ugurlaryna degişli fotosuratlary alşarlar.

Taraplar döwlet Baştutanlarynyň we resmi wekiliýetleriniň, şeýle hem iki ýurduň çäginde geçirilýän beýleki hökümetara başlangyçlarynyň we çäreleriniň habar-maglumat goldawyny üpjün etmek babatda ýygy hyzmatdaşlygy alyp barmagy göz öňünde tutýarlar. 

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Похожие новости
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru