Последние новости

Архив новостей

Aşgabatda “Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly ýygyndy kitabyň tanyşdyryş çäresi geçirildi

09:2127.11.2014
0
3559
Aşgabat, 27 noýabr, «Turkmenportal» Magtym Ahmedow.

26-njy noýabrda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Gýöttingen şäheriniň “MatriхMedia Verlag” neşirýatynda türkmen, nemes we rus dillerinde ýokary çaphana derejesinde neşir edilen “Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly ýygyndy kitabyň tanyşdyryş çäresi geçirildi.

Täze kitap ýurdumyzda we dünýäniň köp döwletlerinde giňden bellenilýän beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp çap edildi. Bu kitap nemes we türkmen alymlarynyň bilelikdäki zähmetiniň netijesi bolup, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň pelsepeli garaýşlaryny we onuň eserleriniň şahyranalygyny düýpli açyp görkezýän, esasan-da, Magtymguly Pyragynyň ýaşan we döreden döwrüniň aýratynlyklaryny beýan edýän makalalary hem öz içine alýar.

Täze neşiriň tanyşdyryş çäresine iki dostlukly halklaryň soňky ýyllarda barha giňelýän däbe öwrülen ruhy-medeni gatnaşyklarynyň, olaryň özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyga bolan çemeleşmeleriniň subutnamasydygy nygtaldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Wolfgang Brett çykyşynda belleýşi ýaly, “Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly kitabyň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda Berlinde dabaraly ýagdaýda tanyşdyryşy boldy we häzirki günde onuň nemes hünärmenleri – gündogary öwrenijiler, giň okyjylar köpçüligi tarapyndan iň köp okalýan kitabyna öwrüldi.

Täze kitaba girizilen “Magtymguly: şahyryň ukyby” atly makalanyň awtory hanym Annegret Baýer dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, nemes okyjylarynyň Magtymgulynyň döredijiligi bilen tanyşlygynyň taryhy, onuň eserleriniň nemes diline ilkinji gezek terjime edilişi hakynda gürrüň berdi. Ol türkmen we nemes alymlarynyň taýýarlan şu kitabynyň Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem türkmen nusgawy edebiýatynyň beýleki meşhur wekilleriniň döredijiligini öwrenmek boýunça mundan beýläk alyp barjak bilelikdäki işlerinde öz dowamyny tapjakdygyna ynam bildirdi.
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь