Последние новости

Архив новостей

“Dragon Oýl” kompaniýasy Hazaryň türkmen kenarynda nebitiň çykarylyşyny artdyrýar

09:3110.11.2014
0
6932

Aşgabat, 10 noýabr, «Turkmenportal» Kerim Taýtarow. “Dragon Oýl” kompaniýasy 2014-nji ýylda Hazaryň türkmen kenarynda “Çeleken” şertnamalaýyn çäklerde nebitiň bir gije-gündüziň dowamynda çykarylyşyny 85 000 barrele çenli ýetirdi diýip«Türkmenistan: altyn asyr» elektron gazeti habar berýer. Nebitgazly ýataklar, kompaniýanyň häzirki wagtda alyp barýan gazuw işlerini geçirýän ýerleri, heniz geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň ahyrlarynda işlenildi. Şonuň üçin hem kompaniýa gazyp almak işlerini hem köne, hem täze guýylaryň köp sanlysyny ulanmak arkaly alyp barýar. “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýa hökmünde 14 ýylyň dowamynda Türkmenistan bilen önümi paýlaşmak barada şertnama (ÖPŞ ) baglaşdy. Bu ýerde 14 ýylyň dowamynda nebitiň gazylyp alynşy bir günüň dowamynda ortaça 2000-nji ýylda 7000 barrelden 2014-nji ýylyň III çäreginiň ahyryna çenli ýagdaýa görä 80000 barrele çenli ýetdi. ÖPS-iň şertlerine laýyklykda, kompaniýanyň operator hökmünde şertnamalaýyn ýataklarda nebiti we gazy işläp taýýarlamak we gazyp almak barada 25 ýyllyk ygtyýarnamasy bardyr. Biziň hyzmatdaşymyz “Jeýtun” we “Jygalybeg” ýataklaryny özleşdirmek üçin ABŞ-niň 3,9 milliard dollaryny goýdy we maýa goýumlaryny artdyrmagy dowam etdirýärler. 2014-2016-njy ýyllarda “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” “Çeleken” şertnamalaýyn çäkleri özleşdirmäge ABŞ-niň 1,5 milliard dollaryny, şol sanda 2014-nji ýylda ABŞ-niň 500 million dollaryny goýmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýa 2015-nji ýyla uglewododrodlaryň gazylyp alynşyny epesli artdyrmagy hem-de nebitiň bir günde çykarylyşyny 100 000 barrele ýetirmegi maksat edinýär. Bu çäklerdäki gurluşlaryy özleşdirmäge maýa goýumlary “Dragon oýl (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasyndan 2000-nji ýyldan gelip başlady. Şu ýyllaryň içinde deňiz ýaýrawynda guýularyň 90-sy burawlandy. Bu ýerde platformalaryň altysy guruldy, ýene-de ikisi gurulýar, bir wagtyň özünde könelen platformalaryň durky täzelenilýär. Nebitçiler häzirki wagtda iki sany täze enjamlar – öz-özi göterýän “Elima” we “Neptun” hem-de deňiz stasionar plarformalarda gurnalan iki sany ýerüsti - «SAKSON» и «NIS» enjamlaryň kömegi bilen burawlaýarlar. Şu aýda bu ýataga ýene-de bir «Caspian Driller» buraw platformasy gelip gowuşdy. Kompaniýa 2014-nji ýylda guýularyň 16-17-ni we 2015-nji ýylda 20-sini burawlamagy göz öňünde tutýar. Buraw işleriniň birbada enjamlaryň bäşisi bilen alnyp barylmagy ýataklaryň özleşdirilişini çaltlandyrmaga mümkinçilik berer.


Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь