Türkmen hokkeýçileri Minski şäheriniň “Ratomka” sport toplumynda halkara okuw-türgenleşik çärelerine gatnaşar

0
239
2
0
Aşgabat, 2 noýabr, «Turkmenportal» Kerim Taýtarow.

15-29-njy noýabr aralygynda türkmen hokkeýçileri Belarus Respublikasynyň paýtagty Minski şäheriniň “Ratomka” sport toplumynda halkara okuw-türgenleşik çärelerine gatnaşar. Biziň ildeşlerimiz 2015-nji ýylda geçiriljek halkara ýaryşlaryna, şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşige taýýarlyk görmek üçin tejribeli belarus tädimçileriniň ýolbaşçylygynda ussatlygyny artdyrarlar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda sportuň gyşky görnüşleri barha ösdürilýär. Türkmen türgenleri gysga döwrüň içinde hokkeý oýnunyň Türkmenistanda uly geljeginiň bardygyny subut etdiler. Muňa halkara derejesinde gazanylýan üstünlikler hem şaýatlyk edýär.

Sport synçylary hokkeý boýunça türkmen mekdebiniň derejesiniň ýokarydygyny we olaryň ýurdumyzyň daşynda geçirilýän halkara ýaryşlarynda hem üstünlik gazanmaga ukyplydygyny belleýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky bäsleşiklerden başga-da, ýetginjekler ýygyndy toparymyz geljek ýylyň mart aýynda Belarusuň paýtagty Minskide geçiriljek “Altyn şaýba” halkara ýaryşyna, şeýle hem beýleki halkara ýaryşlarynyň birnäçesine gatnaşar.

Если вы заметили ошибку в тексте, пожалуйста, выделите её и нажмите Ctrl+Enter

Похожие новости
Комментарии
Для того, чтобы оставить комментарий, авторизуйтесь или зарегистрируйтесь
Комментариев еще нет
Рейтинг@Mail.ru